Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

DÖWREBAP BILIM OJAGY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň işine bazar gurallarynyň hem-de ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýandygyna gözli şaýat bolýan hem-de işjeň gatnaşýan ýaşlar egsilmez bagtyýarlygyň eýeleridirler. Çünki dogumly, yhlasly we gursagy ynamdan püre-pür ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygy barha artýar. Telekeçilik işjeňligi ösdürilýär, telekeçiligi guramagyň hem-de hyzmatlary etmegiň häzirki zaman usullary peýdalanylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dünýäniň öňdebaryjy nusgalary bilen mynasyp bäsdeşlik edip bilýän naýbaşy önümleriň ençeme görnüşini öndürýärler. Birleşmä agza telekeçiler içerki bazarlarymyzy halkara ülňülere laýyk gelýän, ekologik taýdan arassa önümler bilen üpjün edip, ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygyny berkitmäge uly goşant goşýarlar.

2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Per- many bilen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredildi. Bu täze döredilen ýokary okuw mekdebiniň baş maksady ýurdumyzyň döwlete dahylsyz pudagyny, şol sanda telekeçilik hem-de işewürlik gurşawynyň kuwwatyny has-da artdyrmaga, täze önümçilik kärhanalaryny yzygiderli gurmaga, olarda işiň talabalaýyk alnyp barylmagy üçin ylmyň, tehnikanyň iň soňky gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary, enjamlary ornaşdyrmaga, olardan baş çykarýan, ýokary bilimli ussat ýaş hünärmenleri, telekeçileri we işewürleri ýetişdirmäge, şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksat- namasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.

Esaslandyryjysy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bolan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ýurdumyzda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ilkinji hem-de ýeke-täk ýokary okuw mekdebi bolup, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 12-nji maýyndaky Karary bilen tassyklanan «Eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnama» laýyklykda hereket edýär.

Uniwersitetiň binalar toplumynyň enjamlaşdyrylyşynyň döwrebap derejede bolmagyna aýratyn üns berlip, okuw otaglarydyr ýörite tejribehanalar iň kämil tehnologiýalar, kompýuterler, innowasiýalara daýanýan barlaghana enjamlary bilen doly üpjün edilendir. Munuň özi uniwersitetiň pedagogik düzümine geçilýän okuw sapaklary ylmyň iň täze gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti esasynda guramaga hem-de alyp barmaga, şeýlelikde, talyplaryň amatly we oňaýly şertlerde ýokary hilli hünär bilimini almagyna, öz hünär ugurlarynyň inçeliklerini kämil derejede özleşdirmegine, şol bir wagtda, ylmy gözlegleri amala aşyrmagyna mümkinçilik berer.

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň umumy meýdany 8 gektara barabar bolup, täze binalar toplumy 2,5 müň talybyň ýokary hünär bilimini almagy üçin niýetlenendir. Onuň çäginde 9 gatdan ybarat bolan baş bina we onuň iki tarapynda 6 gatly 4 sany okuw binasy, hersi 300 orunlyk 2 sany umumy ýaşaýyş jaýy ýerleşdirilendir. Bu ýerde kitaphananyň, naharhananyň, ýapyk we açyk sport desgalarynyň bina edilmegi ýaşlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmegini, hususan-da, okuw sapaklaryny göwnejaý özleşdirmegini, boş wagtlarynda sport bilen meşgullanmagyny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini üpjün eder.

Mundan başga-da, täze ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň çäginde 800 orunlyk mejlisler zaly we beýleki kömekçi desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Uniwersitetde internete birikdirilen kompýuter, lingafon otaglary, tejribehanalar, umumy we amaly okuw otaglary bolup, olar döwrebap enjamlaşdyrylandyr. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde dil öwreniş bölümi, hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti, işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, oba hojalyk işewürligi, sanly tehnologiýalar, binagärlik gurluşyk işewürligi fakultetleri, şeýle-de bu fakultetleriň düzümine girýän 14 sany kafedra hem-de 42 sany tejribehana hereket edýär.

Uniwersitet öz işini doly hojalyk hasaplaşygy esasynda amala aşyrýar. Okuwlar tölegli esasda, türkmen we iňlis dillerinde geçirilip, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, önümçilik, işewürlik kärhanalary, kompaniýalary bilen bilim, ylym, önümçilik hyzmatdaşlygy, daşary ýurtlaryň professor-mugallymlarynyň, ussat hünärmenleriniň sapak bermek işi ýola goýulýar. Okuwlar, esasan, amaly maksatly hem-de tejribä gönükdirilen görnüşinde alnyp barlyp, bu babatda ýurdumyzyň hususy pudagynda, şol sanda önümçilikde zähmet çekýän ussat telekeçileriň we işewürleriň talyplara bilim bermegi, sapaklaryň dowamynda önümçilikde ýüze çykýan amaly meseleleri çözmegi öwretmek ýola goýulýar.

Hususy pudak üçin döwrebap bilim ojagy bolan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň gurlup ulanylmaga berilmegi ykdysadyýetiň telekeçilik hem-de işewürlik gurşawyny has-da kuwwatlandyrmak babatda ädilen möhüm ädimdir. Bu möhüm ädimiň gözbaşynda Türkmenistanda dünýäniň tehnologik taýdan ösen döwletleriniň önümleri bilen bäsleşip biljek önümçiligi ýola goýmaga ukyply ýaş nesilleri ýetişdirmek baradaky taglymaty öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatlary bar.

Arslan TÄŞLIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy.