Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

GURMAK – GELJEGE ÝOL SALMAK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda toýlar toýlara ulaşýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakalara beslenýän günlerinde ýurdumyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni uly ruhubelentlikde bellenilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän günlerinde bu ajaýyp hünär baýramynyň dabarasy ata Watanymyzda uludan tutulýar. 

Her bir güni beýik ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda gurluşyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýär. Halkymyzda «Gurmak – geljege ýol salmak» diýen dana söz bar. Beýik geçmişi bolan halkymyz gurmagy, döretmegi mukaddes borç hasaplapdyrlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, gurýan döwlet gurpludyr, kuwwatlydyr.  Garaşsyzlyk ýyllary içinde gurluşyk pudagynda gazanylan uly ösüşler, ýetilen belent sepgitler pederlerden miras galan gurmak, döretmek ýolunyň dowamata atarylýandygynyň aýdyň nyşanydyr. 

Belent sepgitleri bilen dünýäni haýrana goýýan Bitarap Türkmenistan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gurluşyk we senagat toplumyny düýpli özgertmek babatynda başyny başlan beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýörite Permany bilen 2023-nji ýyldan bäri ýurdumyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni uly dabara bilen bellenip geçilýär. Ýeri gelende bellesek, gysga wagtyň dowamynda ýurdumyzda gurluşyk pudagynyň milli nusgasy kemala getirildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2028-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, gurluşyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn uly ähmiýet berilýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi bilen türkmen telekeçileri tarapyndan gurluşyk pudagynda asyrlara barabar sepgitlere eýe bolýar. Milli Liderimiziň yhlasyndan kemal tapan sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň türkmen telekeçileri tarapyndan ýerine ýetirilmegi bu aýdylanlaryň anyk subutnamasydyr. 

Gurup geljege ýol salýan halkymyz taryhy ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda halk bähbitli beýik işler has-da rowaçlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, taryhy ösüşler halkymyzyň nurana we ýagty geljegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Gurluşyk pudagynda iş alyp barýan türkmen telekeçileriniň batly gadamlary bu günki gün halkara derejede bäsdeşlige ukyply gurluşyk pudagy kemala geldi. 

Goýny üç ýüz altmyş pirli Daşoguz topragynda hem gurluşyk pudagynda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň birnäçesi hereket edýär. Olaryň milli ykdysadyýetimize goşýan uly goşantlarynyň netijesinde, welaýatymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap desgalaryň, binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary batly depginler bilen dowam etdirilýär. Işine ezber hususy gurluşyk kärhanalaryň hatarynda «Atalyk gurluşyk», «Altyn gala», «Ykjam bina», «Agzybirlik», «Ajaýyp gurluşyk», «Ynsan kalby» ýaly kärhanalaryň adyny uly buýsanç bilen bellemek bolar. Häzirki wagtda bu gurluşyk kärhanalary tarapyndan welaýatymyzyň dürli künjeklerinde ýüzlerçe binadyr desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary alnyp barylýar. Ýeri gelende bellesek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän ýylynda Köneürgenç etrabynda döwrebap köpriniň we şäherçäniň gurluşygyny ýerine ýetirmekde hususy gurluşyk kärhanalarynyň uly goşandynyň bardygyny bellemek ýakymlydyr. 

Şanly ýylyň taryhy wakalary kalbymyza egsilmez buýsanç bagyşlaýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimize pudagyň ösdürilmegine goşýan uly goşandy hem-de halkymyzdan gelip gowşan teklipler nazara alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakyldy. Bu bolsa gurmak we döretmek ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň bagtyýar halkyny diýseň begendirdi, buýsandyrdy. 

Arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesinde goşalanyp gelýän toýlar göwünlere galkynyş bagyşlaýar. Günsaýyn gözelleşýän obadyr şäherlerimiziň görkana binalary kalbymyza egsilmejek buýsanç bagyşlaýar. Şeýle bagta mynasyp bolup ýaşamagyň bagt paýymyza düşendigine buýsanjymyzyň çägi ýok. Bagtyňa buýsanyp, toýdan toýa barýan günlerimizde ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, halkymyzyň bagtyýarlygy, nurana geljegimiziň berkararlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.