Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurluşyk pudagyny ösdürmek Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllaryň dowamynda gurlup, ulanylmaga berlen dürli maksatly desgalar hormatly Prezidentimiziň döredijilikli syýasatynyň oňyn netijesidir, ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň barha artýan kuwwatynyň aýdyň subutnamasydyr. Köp pudakly milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalar esasynda mundan beýläk-de ösdürilmegine, örän baý tebigy serişdeleriň doly derejede peýdalanylmagyna, sebitleriň toplumlaýyn özgerdilmegine gönükdirilen ileri tutulýan maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzy okgunly ösdürmek üçin şertleriň döredilmeginde maýa goýum-gurluşyk toplumyna ähmiýetli orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän bu strategiýanyň netijesinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän senagat kärhanalary gurulup ulanylmaga berilýär we häzirki zaman ulag we durmuş düzümleri kemala getirilýär, giň gerimli ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de ägirt uly taslamalaryň biri bolan ajaýyp Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklary, şol sanda ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçilik binýadynyň kuwwatlyklary artdyrylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň dünýäde kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerlerini ösdürmek, ýurdy senagatlaşdyrmak, ulag-logistika düzümlerini döretmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýylyň-ýylyna däp bolşy ýaly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hem eziz Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny zähmet sowgatlary bilen garşylamak maksady bilen, ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki toplumlary bilen birlikde türkmen telekeçilerimiz tarapyndan gurluşyk ulgamynda hem döredijilikli işler alnyp barylýar. Dürli ugurlarda, şol sanda gurluşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri asyrlara barabar bitirilen işler hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen amal edilen şeýle işler eziz Watanymyzyň ösüşlerine buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Diýarymyz ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Medeni-durmuş, senagat maksatly desgalaryň, energetika toplumlarynyň, gaz geçiriji ulgamlaryň, ýol-ulag düzüminiň gurluşygy barha giň gerime eýe bolýar.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary we döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalarynyň kuwwatyny artdyrmak, öndürilýän senagat we gurluşyk önümleriniň görnüşlerini köpeltmek, Diýarymyzda giň gerimde alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyklary gurluşyk materiallary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek boýunça ähli zerur bolan işler alnyp barylýar.
Bu bolsa Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa senagat önümleri bilen doly üpjün etmäge hem-de olaryň eksportyny artdyrmaga uly mümkinçilik berýär. Şeýle hem oba hojalygynda, azyk senagatynda, gaýtadan işleýän önümçilikde, gurluşykda, gurluşyk serişdeleriniň we elektrik enjamlarynyň, öý-hojalyk tehnikasynyň önümçiliklerinde, söwda, bilim, durmuş hyzmatlary, ulag-logistika ulgamlarynda, halk senetçiliginde üstünlikli işleri amala aşyrmaklyga türkmen telekeçilerine giň mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir!
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.