Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TÜRKMEN IŞEWÜRLERI HALKARA FORUMA GATNAŞÝAR

Ösüş-özgerişleriň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmek babatda başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda has-da rowaçlanýar. Täze taryhy döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösüşini işjeňleşdirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň hususy telekeçilik düzümleri tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleriň täze görnüşlerini öndürmek, hyzmatlary hödürlemek boýunça öňdebaryjy tejribeler özleşdirilýär. 

Häzirki döwürde milli kärhanalar tarapyndan öndürilýän ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek bilen bir hatarda, senagat üçin innowasion hyzmatlary ýerine ýetirmekde hem uly öňegidişlikleri gazanýarlar. Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynda hem hususyýetçiler tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň gerimi giňeýär. Bu hakykat 22 — 24-nji oktýabr aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahatda we sergide hem aýdyň beýanyny tapýar.

Dünýä döwletleriniň 70-den gowragyndan 1400-e golaý wekiliň gatnaşmagynda geçirilen abraýly forumda ýurdumyzyň hususy kärhanalarydyr hojalyk jemgyýetleri hem nebitgaz, logistika we hyzmatlar pudaklarynda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýarlar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Türkmen Gala», «Gujurly Inžener», «Garagum hazynasy» kompaniýalaryny görkezmek bolar. Sergä gatnaşýan «Ýaşyl dünýä» hususy kärhanasy nebitgaz guýulary üçin dürli enjamlary getirmek we gurnamak hyzmatlaryny amala aşyrýar. «Nurly Tolkun» hususy kärhanasy we «Söwda gurluşyk maslahat» hojalyk jemgyýeti nebit platformalaryna hyzmat etmek, enjamlary gurnamak babatda hödürleýän işleri bilen tanyşdyrýar. 

Uglewodorod serişdelerinden alynýan önümleri we çig mallary daşamak hem nebitgaz pudagyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. «Beýik Ýüpek ýoly» we «Hazar logistika» kompaniýalary özleriniň sergi diwarlyklarynda dürli ýükleri, şol sanda nebit önümlerini daşamak boýunça amala aşyrylýan hyzmatlar tanyşdyrylýar. «Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň diwarlygynda uglewodorodlardan alynýan dürli çalgy ýaglary, antifrizler görkezilýär. «Nurly Deňiz Tumary» kompaniýasy serginiň myhmanlaryny turba geçirijilere hem-de enjamlara gözegçilik we hyzmat etmek üçin awtomatlaşdyrylan ulgamlar we usullar bilen tanyşdyrýar.

Hususy pudagyň wekilleri nebitgaz pudagynda «Dragon oil» (BAE), Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy (ADNOC), «Petronas Çarigali» (Malaýziýa) ýaly kompaniýalar bilen bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 30-njy gezek geçirilýän wekilçilikli forum bolsa türkmen telekeçilerine täze hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýup, tejribelerini has-da artdyrmaga mümkinçilik döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda döredilýän giň şert-mümkinçiliklerinden ruhlanýan senagatçylar we telekeçiler täze taryhy eýýamda döredijilikli işläp, mundan beýläk hem ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak hem-de halkymyzyň eşretli durmuşyna gönükdirilen özgertmeleriň rowaçlanmagy ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy diňe öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Guwanç BALLYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.