Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BAGTYÝAR DURMUŞYŇ KEPILI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüşlere beslenýän günlerinde ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi il-halkymyzda çäksiz buýsanç duýgularyny döretdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik wakasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynda il-ýurt bähbitli taryhy çözgütler kabul edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen taryhy mejlis ata Watanymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň öňýanynda şeýle döwletli maslahatyň guralmagy berkarar döwletimizde asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň biri-biri bilen berk baglanyşykly milli buýsanjymyzdyr, parahatçylygyň, ynanyşmagyň şöhratly ýoludyr. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň mizemezliginiň, jebisligimiziň, ähli rowaçlyklarymyzyň esaslaryny düzýän taglymatymyzdyr» diýip bellemek bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde halkymyzdan gelip gowşan teklipler esasynda Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda täze etraplaryň döredilmegi halkymyzyň toý şatlygyny has-da artdyrdy. Ýeri gelende bellesek, Daşoguz welaýatynda täze iki sany etrap döredilip, olara «Garaşsyzlyk» we «Gubadag» diýlip at berilmegi il-halkymyzda çäksiz hoşallyk döretdi. 

Taryhy mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyş etmegi öňde durýan anyk wezipeleri kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Watanymyzyň, eziz halkymyzyň mertebesini, abraýyny has-da belende galdyrmak biziň baş maksadymyzdyr. Döwlet Baştutanymyz özüniň taryhy çykyşynda şu ýylyň dowamynda Daşoguz welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygyna badalga beriljekdigini aýratyn nygtady. Bu bolsa ýurdumyzda il saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. 

Ata Watanymyzyň gazanan ykdysady ösüşleriniň gazanylmagynda ýurdumyzyň telekeçileriniň hem mynasyp goşandy bardyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli ugurlarda iş alyp barmak bilen, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen ýokary tehnologik önümleri öndürýän önümçilikleri, senagat kärhanalaryny döretmekde telekeçilere uly oruny degişlidir» diýip belläp, hususy pudagyň işine ýokary baha berdi. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylandygy mejlisiň dowamynda buýsanç bilen bellenildi. 

Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşynyň kepilidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, döwletimiziň bähbidi halkymyzyň bähbididir. Şundan ugur alnyp, taryhy mejlisiň dowamynda kabul edilen çözgütler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen pederlerimiziň asylly ýolunyň mynasyp dowam etdirilýän häzirki döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Bu bolsa parahat we bagtyýar durmuşymyzyň dowamata atarylýandygyna şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen halk hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ilkinji nobatdaky wezipesi bolup durýar. Şunuň bilen birlikde taryhy mejlisiň dowamynda ykdysadyýetiň  dürli ugurlarynda yhlasly we göreldeli zähmet çeken bagtyýar ildeşlerimiziň ýüzlerçesiniň döwlet sylaglary bilen sylaglanylmagy halal zähmete goýulýan belent sarpanyň aýdyň netijesidir. Şolaryň hatarynda hususy pudakda iş alyp barýan telekeçileriň bolmagy diýseň buýsandyryjydyr. Munuň üçin başy buýsançly, kalby ylhamly halkymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize sagbolsunlary çäksizdir. 

Maksud TORAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.