Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

PARAHATÇYLYGYŇ, ABADANÇYLYGYŇ, ÖSÜŞIŇ ÝOLY

Täze taryhy döwürde ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň dowamata beslenip, häzirki zaman şertleri esasynda kämilleşdirilmegi netijesinde her günümiz ösüş-özgerişlere, taryhy wakalara beslenýär. Jemgyýetçilik ähmiýetli, halk bähbitli meseleleri il-gün bilen maslahatlaşyp, agzybirlikde çözmek halkymyzyň asylly däpleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda milli demokratik däplerimize, aýanlyk, adalatlylyk, döwletlilik, kanunylyk ýörelgeleri esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda — 19-njy sentýabrda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi hem munuň nobatdaky aýdyň mysalydyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň umumymilli forumynyň mejlisinde döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmekde toplan milli tejribämizden ugur alnyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmek, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm meseleleri maslahatlaşyp, anyk wezipeleri kesgitlemek babatynda döwletli başlangyçlar we çözgütler kabul edildi. Maslahatyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiň hem rowaçlygyň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň uly zähmet ýeňişleri bilen garşylanylýan, toý-dabaralar bilen ýokary derejede bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşy hem taryhy wakalara beslendi. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň mundan beýläk-de ýokary depginde ösmegine, halkymyzyň bagtyýarlygyna, asudalygyna we abadançylygyna gönükdirilen wajyp meseleleriň halk bilen geňeşilmegi ählihalk forumynyň, sözüň doly manysynda, raýat jemgyýetiniň milli instituty we döwlet bilen halkyň jebisligini alamatlandyrýan syýasy-jemgyýetçilik edara hökmünde öz ornuny tapýandygyny äşgär edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eden çykyşlarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýaş nesiller üçin röwşen geljegi üpjün etmek, ykdysadyýetiň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek we beýleki möhüm ugurlar boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň üstünde giňişleýin durlup geçildi. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda: «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli ugurlarda iş alyp barmak bilen, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen ýokary tehnologik önümleri öndürýän önümçilikleri, senagat kärhanalaryny döretmekde telekeçilere uly orun degişlidir. Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmegi dowam etdireris» diýip bellemegi hususy pudagyň ähmiýetine mynasyp baha berilýändigini nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany esasynda ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine goşant goşýan raýatlaryň hatarynda hususy pudagyň wekilleriniň ençemesine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli ýokary döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy telekeçileriň başyny göge ýetirip, işewürleri täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Häzirki döwürde islendik ýurtda sazlaşykly ösüşiň gazanylmagy durnuklylyk, parahatçylyk we agzybirlik ýaly şertler bilen berk baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenilip taýýarlanylan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynda hem häzirki zaman şertlerinde wajyp bolan şeýle ýörelgeler öz beýanyny tapýar. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döwleti dolandyrmagyň ygtybarly, demokratiýa we hukuga esaslanýan nusgasy döredilip, jemgyýetimiziň her bir wekiliniň erk-islegini beýan etmeginiň netijeli ulgamy kemala geldi. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütler hem bu hakykaty aňryýany bilen subut edýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň ýokary ruhubelentlikde bellenilýän günlerinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler agzybir halkymyzyň röwşen geljege ynamyny berkidýär. Milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürip, ilatyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyşlar halkymyzyň kalbynyň senasydyr.

Serdar PAŞIKOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.