Eziz Diýarymyzda baş baýramymyz bolan Garaşsyzlyk gününi şanly wakalara, zähmet üstünliklerine besläp, uly ruhubelentlikde garşylamak täze taryhy döwrüň asylly däbine öwrüldi. Muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda önümçilik desgalarynyň, durmuş düzümleriniň, obalaryň we şäherçäniň türkmen toýlaryna mahsus uly şatlyk-şowhunly dabaralar bilen açylyp ulanmaga berilmegi hem doly şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir il-ulsumyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyna buýsanýar. Baýramçylyk günlerinde ulanmaga berilýän täze, döwrebap obalaryň, şäherçäniň, durmuş maksatly binalaryň halkara ölçeglere laýyk gelýän gurluşyk taslamalarynyň türkmen gurluşykçylarynyň güýji bilen ýerine ýetirilýändigi aýratyn guwandyryjydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde şäher we oba ýerleriniň keşbi düýpgöter özgerýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, Diýarymyzyň sebitlerinde ähli amatlyklary bolan döwrebap obalardyr şäherçeler yzygiderli ulanmaga berilýär.
Täze obalaryň we şäherçeleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ildeşlerimiz üçin ýatdan çykmajak wakalara öwrülýär. Olar ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesini, saglyk öýlerini, orta mekdepleri we çagalar baglaryny, söwda merkezlerini özünde jemleýär. Döwrebap ýol-ulag, aragatnaşyk, suw, elektrik, gaz üpjünçilik hem-de lagym ulgamlarynyň göz öňünde tutulmagy, giň we yşyklandyryş ulgamy çekilen awtomobil ýollarynyň ugrunda gök zolaklaryň, ýörite seýilgähiň döredilmegi bu ýerlerde adamlaryň mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin şertleriň döredilmegine oýlanyşykly çemeleşilendigini görkezýär.
Watanymyzyň ykdysady we döredijilik kuwwatynyň nyşany bolan täze obadyr şäherçeleriň açylmagy diňe bir oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrman, eýsem, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine, täze ilatly ýerleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem itergi berýär.
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde Döwletli mekan obasynyň, Kaka etrabynyň çäginde Bagtly zamana obasynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň hem-de «Han ýap» suwaryş we «Zeý» şor suw akabalarynyň üstünden gurlan täze awtomobil köprüleriniň açylmagy ildeşlerimiz üçin şanly senä ajaýyp sowgat boldy. Täze durmuş düzümleriniň gurluşygyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan ýerli gurluşyk kärhanalarynyň işjeň gatnaşmagy bolsa hususy pudagyň gazanýan üstünlikleriniň nobatdaky aýdyň nyşanydyr.
Eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda yzygiderli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Aýna SARYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.