Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň, uly möçberli işleriň baş maksady Watanymyzy ösdürmekden hem-de halkymyzyň abadan, bagtly durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmekde, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetmekde Halk Maslahatyna iňňän uly orun degişlidir. Ol Konstitusiýa, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanuna laýyklykda hereket edýän we halkyň bähbitlerini goraýan ýokary wekilçilikli edaradyr. Halk Maslahatynyň işi demokratik ýörelgä, aýanlyga, adalatlylyga, kanunyň hökmürowanlygyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmaga, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligini üpjün etmäge, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmaga, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmaga we kabul etmäge, jemgyýetçilik pikirini nazara almaga esaslanýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet esaslarynyň, onuň gadymy demokratik ýörelgeleriniň, halk häkimiýetiniň köpasyrlyk däpleriniň mizemezdigini tassyklaýar. Ol Esasy Kanunymyzyň düzgünlerini saklap galmak bilen, döredijilikli ösdürilýän edara bolup durýar. Halk Maslahaty ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleri durmuşyň ähli ugurlarynyň ösmegini nazara alýar we öz işini barha kämilleşdirýär. Ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän döwletlilik, ynsanperwerlik, milli däplere hormat goýmak ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik, hukuk döwletimiziň milli kanunçylygy bilen berkidilýär. Kanunçylyk namalarymyzda milli ýörelgeler bilen halkara hukuk kadalarynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagy netijesinde, halk häkimiýetliliginiň özboluşly nusgasy kemala geldi. Bular ata-babalarymyzyň milli däp-dessurlaryna hem-de belent ruhy ahlak gymmatlyklaryna sarpa goýýan türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýar.
Döwletimizde öňdebaryjy özgertmeleri geçirmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Bu özgertmeler, şol sanda Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň mundan beýläk-de demokratiýalaşmagyna, halk häkimiýetiniň pugtalanmagyna, adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň hemmetaraplaýyn goralmagyna ýurdumyzyň gülläp ösmegine, raýat jemgyýetiniň kemala gelmegine we ösmegine gönükdirilendir. Hukugyň hökmürowanlygy, adam hukuklarynyň ileri tutulmagy Türkmenistanyň demokratik hukuk we dünýewi döwletdigine şaýatlyk edýär. Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetiniň ýoluna düşendigini tassyklaýar, häzirki döwürde ykdysady gatnaşyklaryň hukuk binýady emele gelýär, ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly we dahylsyz bolmadyk pudaklarynda örän möhüm düzümler döredilýär. Bu bolsa raýatlara ykdysady garaşsyzlygy-erkinligi we azatlygy berýär, olaryň başlangyçlaryny höweslendirýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi bellenen nobatdaky ählihalk forumy hem Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bähbitleri üçin möhüm çözgütler kabul ediljek taryhy wakalaryň biri bolar.
Her bir güni taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşlerimiziň ählisi halkymyzyň abadan hem bolelin, erkin hem parahat durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gönükdirilendir. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ägirt uly maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň sargytlarydyr öwüt-ündewleri tutuş halkymyzy, şol sanda ýaşlary yhlas bilen zähmet çekmäge we bilim almaga ruhlandyrýar. Beýik Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlandyrmakda, döwleti berkarar etmekde, halky bagtyýar durmuşda ýaşatmakda belent wezipeleri durmuşa geçirýän, halk bilen döwleti goşa mukaddeslige deňäp, şol mukaddeslikleriň hatyrasyna paýhasly döwlet syýasatyny amala aşyrýan Türkmen Halkynyň Milli Lider Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Akbäbek GULESENOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.