Döwlet Garaşsyzlygymyz barada söz açylanda, bada-bat bagt baradaky pikirlerdir düşünjeler sere dolýar. Çünki ýurdumyzyň özygtyýarlylygy her birimiziň bagtymyzyň baş şertleriniň biridir. Häzirki döwürde Ýer ýüzünde iki müňden gowrak milletiň bolmagyna garamazdan, özbaşdak döwletleriň sanynyň iki ýüze-de ýetmeýändigi barada pikirlenseň, hakykatdan-da, türkmeniň ykbaly göterilen, bagty çüwen halkdygy äşgär bolýar. Syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly döwletimiz, günsaýyn gülläp ösýän Watanymyzyň berkararlygy, halkymyzyň agzybirligi, jemgyýetimiziň jebisligi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miweleridir. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda rowaçlyga beslenmegi netijesinde, berkarar döwletimiz müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhymyzyň köklerinden güýç alyp, barha berkeýär, halkymyz röwşen geljege ynam bilen garaýar.
Häzirki wagtda Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyzyň agzybirliginden, yhlasyndan, tutanýerli zähmetinden Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň iň asuda, abadan, çalt ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Garaşsyzlyk eýýamynda, ýagny geçen 34 ýylyň dowamynda asyrlara barabar işleriň bitirilendigini Hazar deňzinden Jeýhun derýasyna, gojaman Köpetdagdan Üstýurda çenli ymgyr giňişligi eýeleýän eziz Diýarymyzyň günsaýyn özgerýän keşbinde aýdyň görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysady taýdan galkynýan Watanymyzda döwlet düzümleri we hususy pudagyň wekilleri tarapyndan gurlup ulanmaga berilýän hem-de sazlaşykly işledilýän kuwwatly önümçilik toplumlary, senagat kärhanalary, daýhanlarymyzyň bol hasyl eçilýän ekin meýdanlary döwletimiziň rysgalynyň artyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna ýardam edýär. Her ýyl Diýarymyzyň dürli sebitlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň, saglyk we sport merkezleriniň, durmuş üpjünçiligine degişli beýleki desgalaryň onlarçasynyň gurlup ulanmaga berilmegi «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygarlarymyzyň iş ýüzünde amala aşyrylyp, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň barha ýokarlandyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat, döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri, welaýatlarymyzyň merkezi şäherleri we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gymmatlyklaryna eýermek arkaly taryh üçin gysga döwürde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň we geljekki mümkinçilikleriň nyşany hökmünde kalbymyzy buýsanja besleýär.
Özygtyýarly ösüş ýolunda geçilen 34 ýyllyk döwürde Garaşsyz Türkmenistan dünýäde belent abraýa eýe bolup, halkara giňişlikde parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň, dost-doganlygyň merkezine öwrüldi. Döwletimiziň berkararlygy, jemgyýetimiziň galkynyşy ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine, milli döwletliligimiziň köpasyrlyk däplerine daýanýar. Halkymyzyň bagt kuýaşy bolan ýurt Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilip, ähli ulgamlarda gazanylan üstünliklere, her bir raýatyň tutanýerli we halal zähmetine mynasyp baha berilmegi, has belent maksatlara ýetmek üçin möhüm wezipeleriň kesgitlenilmegi, şu günümiziň we geljegimiziň rowaçlygyna gönükdirilen döwletli çözgütleriň kabul edilmegi hem munuň aýdyň nyşanydyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik gurluşynyň binýadyny berkitmek, döwletimiziň galkynyşyny, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda beýik işler bitirildi. Halkyň bähbidine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de öz işini ýokary derejede alyp barmagy halk demokratiýasynyň binýadyny berkitmekde, jemgyýetimizi jebisleşdirmekde, döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy bolan halkymyzyň öz häkimiýetini amala aşyrmaga bolan konstitusion hukuklarynyň ýurdumyzda ýokary derejede üpjün edilmeginde gazanylan nusgalyk tejribäni, ýola goýlan däp-dessurlary alamatlandyrýar. Milli jebisligiň üpjün edilmeginiň hem-de pederleriň miras goýan däp-dessurlarynyň dowamata beslenmeginiň döwletiň berkararlygynda, halkyň bagtyýar durmuşynda iňňän möhüm orny eýeleýändigine goja taryh şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde uzak geljegi nazarlaýan möhüm wezipeler durýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň beýik ýeňişlerine, uly üstünliklerine altyn röwüş çaýýan tylla güýzüň her bir güni bizi baş baýramymyza — Garaşsyzlyk gününe hem-de ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýakynlaşdyrýar. Şanly seneleriň öňüsyrasynda içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýetilýän sepgitler, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan işler buýsanjymyzy artdyrýar. Şeýle ajaýyplyklar binýady berkden tutulan berkarar döwletimizde mähriban halkymyzyň merdana pederlerimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, ata-babalarymyzyň arzuwlan ajap eýýamynyň hözirini görýändigine şaýatlyk edýär.
Dowamatlylyk Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynyň we döwlet syýasatynyň binýadynda durýan döwletli ýörelgedir. Halkymyz ata-babalarymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirip, halk häkimiýetiniň häzirki zaman milli nusgasyny döretdi. Bu ýol dünýä tejribesiniň gazananlaryny we milli däp-dessurlarymyzy utgaşdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleri mynasyp dowam etdirilýär.
Şu ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalara laýyklykda, geljek ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny we maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmek arkaly ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz maýa goýumlaryň esasy bölegini täze önümçiliklere gönükdirmäge, pudaklara sanly ulgamy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, hususy telekeçiligi ösdürmäge möhüm ähmiýet bermelidigini belledi. Munuň özi umumymilli forumda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan täze belentliklere çykarmaga gönükdirilen özgertmelere badalga beriljekdigini tassyklaýar.
Halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky köpasyrlyk arzuw-isleglerinden bina bolan berkarar döwletimiziň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýädäki at-abraýynyň barha artmagy, mähriban halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Halkymyzy belent maksatlar bilen röwşen geljegiň nurana ýolunda jebisleşdirip, döwletimizi baky bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty