Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde we durnukly ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen beýik başlangyçlaryny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tutumly işlerde üstünlikli dowam edýär.
Üstümizdäki ýylyň taryhy wakalara baý ýyl bolýandygy guwandyrýar. Şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm wakalaryň biri boldy. Bu mejlisde möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda Bitaraplygymyzyň barha golaý gelýän 30 ýyllygynyň baýramynyň iňňän uly ähmiýetini, bu buýsançly senäniň her birimizi täze, has belent maksatlara ruhlandyrýan senedigini nygtady. Watanymyzyň baş baýramynyň toýlanylýan günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi dogrusynda durup geçmek bilen, bu mejlisde döwletimiziň ösüşinde ýetilen belent sepgitleriň, ýerine ýetirilen tutumly işleriň jeminiň jemleniljekdigine ünsi çekdi. Şol bir wagtda täze ykdysady şertleriň talaplaryndan ugur alyp, şu günki taryhy döwürde öňde durýan wajyp wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny mejlise gatnaşanlaryň dykgatyna ýetirdi. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynda Garaşsyz döwletimiziň hem-de türkmen jemgyýetiniň üstümizdäki ýylyň başyndan bäri depginli we durnukly ösüşiniň gazanylandygyny belledi.
Welaýat komitetimizde şanly ýylymyzyň möhüm wakasyna taýýarlyk işlerine uly üns berlip, degerli çäreler geçirilýär. Partiýamyzyň agzalarynyň arasynda düşündiriş we wagyz-nesihat işini gowy ýola goýup, ähli tagallalary edýäris.
Myratgeldi ANNAÖWEZOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.