Jemgyýetimiziň jebisligini has-da pugtalandyrmakda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty Konstitusiýamyzda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde ykrar edilendir. Garaşsyz Watanymyzda özygtyýarly ösüş ýoly bilen geçilen 34 ýylyň dowamynda asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan asylly işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Gözbaşyny müňýyllyklardan alýan milli ýörelgelerimizi häzirki zaman şertleri bilen utgaşykly ösdürip, özgertmeler syýasatyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna möhüm orun degişlidir.
Hemişelik Bitarap Watanymyzyň alyp barýan syýasy ugrunyň maksatlaryny, durmuş-ykdysady ösüş ýollarynyň guramaçylyk, hukuk ýörelgelerini halk köpçüliginde, jemgyýetçilikde giňden wagyz etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň uly orny bardyr. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri esasynda geçirilýän umumymilli forum döwletimiziň gazanan ösüşlerine baha berip, geljek üçin möhüm wezipeleri kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Watanymyzyň ähli taryhy ösüş pursatlarynda döwlet dolandyryşynyň iň derwaýys meselelerine Halk Maslahatynyň mejlislerinde garalyp, döwlet, jemgyýetçilik durmuşyny ösdürmäge gönükdirilen çözgütler kabul edilip gelinýär. Şol çözgütleriň kabul edilmegine jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagy halk häkimiýetliliginiň ýörelgelerine laýyk gelýär.
Halk Maslahatynyň mejlisleri mazmun taýdan ata-babalarymyzyň jemgyýetiň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri çözmekde il sylagly ýaşulular, kethudalar, akyldar, ylymly adamlar bilen geňeşmek, il-günüň pikir-garaýyşlaryny diňlemek we seljermek esasynda netijä gelmek ýörelgelerine esaslanýar. Munuň özi halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren özboluşly demokratik ýoluna ygrarlylygyň nyşanydyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň diňe bir döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetçilik aňyna oňyn täsir etmekde, ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde hem aýratyn orny bardyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkyň agzybirligi baradaky paýhasly pikirleriniň durmuşda anyk beýanyny tapmagy babatda-da Halk Maslahaty möhüm orny eýeleýär. Halkymyzda millet bolup ýaşamagyň esasy sütüni hasaplanýan agzybirlik taryhda öçmejek yz goýan merdana pederlerimiziň ündän gymmatlygydyr. Şeýle asylly ýoluň dowam etdirilmeginde Halk Maslahatynyň mümkinçilikleri uly orun alýar.
Umumymilli foruma ähli welaýatlardan, etrap-şäherlerden wekilleriň, dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlaryň, giň jemgyýetçilik köpçüliginiň gatnaşmagy hormatly Prezidentimiziň döwletiň ösüş ýollary, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde göz öňünde tutulýan belent maksatlar hakyndaky pikir-garaýyşlaryny diňlemegi, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ugur-ýollaryna içgin göz ýetirmekleri jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrýar.
Bagtyýar il-ulsumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine uly üstünlikler, zähmet ýeňişleri bilen barýar. Şol üstünliklerde türkmen senagatçylarynyň we telekeçileriniň hem mynasyp paýy bar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda umumymilli foruma görülýän ýokary derejedäki taýýarlyk Garaşsyzlygyň şöhratly döwrüniň belent maksatlarynyň myradyna gowuşýandygynyň nyşanydyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan umumadamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.