Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwletimizi dolandyrmakda, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmeginde halk häkimiýetine aýratyn ähmiýet berilmegi jemgyýetde demokratik ösüşi hem-de adalatlylygy berkitmek ugrundaky tagallalarynyň özeninde orun alýar. Halk bilen jemgyýet bir bitewi sazlaşygy emele getirende döwletiň ösüşinde uly özgertmeler amala aşyrylýar. Biziň esasy synmaz mukaddesliklerimiz bolan Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz dünýä ýüzünde dabaralanýar. Halkyň bähbidine gönükdirilen şeýle belent döwletli işler, her bir raýaty maksada okgunly aýdyň geljege tarap has-da ruhlandyrýar. Gadymdan gelýän asylly ýörelgelerimize esaslanmak bilen Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz her bir belent tutumly, öňdengörüjilikli, döwletli işleriň başyny başlanda elmydama halkymyz bilen maslahatlaşyp, jemgyýetiň pikirine aýratyn sarpa goýýarlar we oňyn çözgütlere gönükdirilen netijeli işleri üstünlikli durmuşa geçirýärler. Halk Maslahaty diňe halkyň bähbidini aramak bilen, döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin birnäçe giň gerimli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedir.
Türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri ykrar edilen ýörelgeleri milli ylalaşygy, pugta döwletliligi özünde jemläp, demokratik ösüşiň aýratynlyklaryny we ýurdumyzyň taryhynyň häzirki tapgyryndaky öňegidişligini üpjün edýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, syýasatda, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda, oba hojalygynda hem-de beýleki pudaklarynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär we geljege bolan ynamyny has-da pugtalandyrýar.
Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhymyzda ata-babalarymyz tarapyndan örän baý tejribeler toplanyp, pederlerimiziň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, şeýle hem ilatyň giň gatlaklaryny möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk maslahatyna uly orun degişli bolup durýar. Elbetde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge ýakyndan ýardam bermek we giň halk köpçüligine wagyz-nesihat etmeklikde ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Halkyň arasynda Halk Maslahatynyň ähmiýetini düşündirmek, maslahatyň ýokary derejede geçirilmegine taýýarlyk görülmegine mynasyp goşantlaryny goşmak her bir syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir belent maksatly işleriň halkyň bähbidine gönükdirilmegi hem, ilkinji nobatda raýatlara aýratyn ähmiýet berilýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Şeýle belent işler bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp şygary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent ýörelgesi bilen doly derejede sazlaşýar. Baş kanun Konstitusiýamyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam hasaplanylýar. Şu ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýokary derejede geçiriljek Halk Maslahaty il-ýurt hem-de tutuş adamzat ähmiýetli işleriň üstünlikli amala aşyryljakdygynyň aýdyň kepilidir. Biziň ajaýyp ýurdumyzyň ösüş aýratynlygy ilkinji nobatda, halkymyza goýulýan aýratyn sarpa, diňe halk bähbitli, döwlet ähmiýetli alnyp barylýan işler bolup durýar. Döwletlilik ýörelgelerimiz dowam etdirilýär, taryhda yz galdyran, beýik işleri bitiren pederlerimiziň, meşhur şahsyýetlerimiziň mertebesi belentden tutulýar, geljekki nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Baý taryhymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, medeniýet we sungatymyzyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Şeýle ajaýyplyklaryň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, irginsiz zähmetleri bardyr. Asuda, parahat jemgyýetde halk agzybir bolanda elmydama ösüş bolýar. Şol ösüşler bolsa her bir ynsany geljekki belent maksatlara has-da ruhlandyrýar.
Belent tutumly işlerini diňe halkynyň aladasyna gönükdirýän, ýurdumyzy diňe ösüşlerden ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli işleri diňe rowaçlyklara beslensin.
Baýramgül GURBANOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň partiýa guramaçysy.