Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY: BEÝIK BAŞLANGYÇLARA BADALGA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriň ençemesi yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Raýat jemgyýetimiz demokratik ýol-ýörelgeler bilen ösdürilýär. 

Halkyň asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin irginsiz aladalar edilýär. Şeýle beýik maksatlar göz öňünde tutulyp, ata-babalarymyzyň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen ajaýyp jümlesinden ugur alnyp, ýylyň-ýylyna mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi baradaky ileri tutulýan wezipeler girizilip, onda il-ýurt bähbitli Kararlar kabul edilýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Baş kanunymyza laýyklykda hem-de umumy ykrar edilen demokratik ýörelgeleriň esasynda hereket edýän ýokary wekilçilikli edara bolup, döwürleriň we nesil dowamatynyň aýrylmaz özara baglanyşygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hakyky halk häkimiýetliliginiň gadymy däplerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Merdana ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan taryhy tejribesine daýanyp, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, Garaşsyz Watanymyzda ýetilen sepgitleri, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi täze derejelere ýetirmek maksady bilen geçirilýän umumymilli forum geljekde türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşyny üpjün eder.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt başyna geçen gününden «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp jümleleri ýöne ýerden däldir. Bu ajaýyp setirler döwletiň gülläp ösmeginde halkyň goşandynyň uludygyny, halkymyz agzybir bolup, beýik işlere baş goşsa döwletiň abraý-mertebesiniň artjakdygyny alamatlandyrýar. Şol maksat bilen ýurdumyzda halkymyzyň bähbidi üçin giň möçberli işler yzygiderli alnyp barylýar. Munuň mysalynda ýakynda Maslahatlar merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini aýtmak bolar. Bu maslahatda hem halkymyzyň, ýaşlaryň bagtyýar geljegi ugrunda wajyp meselelere garaldy. Şu günler ýene az wagtdan geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly taýýarlyk görülýändigini, umumymilli forumda il-ýurt bähbitli Kararlaryň kabul ediljekdigini aýratyn bellemek gerek. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçiriljek nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, daşary syýasy abraýyny pugtalandyrmakda, halkyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmakda giň gerimli işlere badalga boljakdygy şübhesizdir. Jemgyýetçilik gurluşygynyň gadymy däplerini döwrebap dowam etdirýän halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň mejlisi taryhy waka bolýandygy guwandyrýar. Bu foruma türkmen işewürleriniň hem gatnaşýandyklary bizi diýseň buýsandyrýar. 

Şanly ýylymyzyň möhüm wakasyna taýýarlyk işleri günsaýyn işjeň häsiýete eýe bolýar. Biz hem öz gezegimizde ýurdumyzyň gülläp, ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlere öz mynasyp goşandymyzy goşup, halkyň bähbidi üçin gönükdirilen uly başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynda jan aýaman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Parahat ýurdumyzda telekeçileriň döredijilikli zähmet çekmekleri, Ata Watanymyzy ösdürmekde mynasyp goşant goşmaklary üçin ähli şertleri döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

Myratgeldi ANNAÖWEZOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.