Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

GARAŞSYZLYK — HALKYMYZYŇ BAGTY

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly eserinde: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet biziň ata-babalarymyzyň döwletlilik we döwletliligiň ýol-ýörelgesini üpjün etmek baradaky müňlerçe ýyllyk taryhy tejribesine daýanmak, şeýle-de häzirki zaman dünýäsiniň mümkinçiliklerini çuňňur seljermek, onuň iň kämil gazananlaryny kabul edip almak bilen berkidilýändir» diýip belleýär. Pähim-paýhasa ýugrulan bu jümlede ata-babalarymyzyň, merdana halkymyzyň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň wysaly bolan berkarar döwletimizi gülledip ösdürmek boýunça saýlanyp alnan ýol-ýörelgäniň esasy mazmuny şöhlelenýär.

Bu ýol-ýörelgeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda kanunçylygy berkitmek, halk häkimiýetliligini üpjün etmek, döwlet gurluşyny kämilleşdirmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Ine, şu ýol-ýörelgeler hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň binýadyny düzýär.

Halkymyzyň alnyndan bagt Güneşi bolup dogan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň öňüsyrasynda, asylly däbe eýerilip, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda günsaýyn gülläp ösýän Watanymyzda ähli ugurlarda gazanylan üstünliklere, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýetilen sepgitlere, her bir raýatyň tutanýerli zähmetine baha berlip, has belent maksatlara ýetmek üçin täze wezipeleriň kesgitlenilmegi jemgyýetimiziň, il-halkymyzyň agzybirligini we jebisligini artdyrýar, ýurt binamyzyň binýadyny berkidýär. Şeýle asylly tutumlaryň ata-babalarymyzyň döwleti we jemgyýeti dolandyrmakda toplan baý tejribesi esasynda Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen hem-de Konstitusiýamyzda halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde amala aşyrylmagy eşretli zamanamyzyň döwletli däbidir.

Bilşimiz ýaly, 20-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli dürli ugurlarda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, il içinde uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna we hormatly atlara hödürlemek boýunça işleri alyp barmak bilen bagly wezipeler girizildi. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 19-njy sentýabrda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Görşümiz ýaly, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň nyşany bolan maslahatyň mejlisine az wagt galdy. Ýokary derejede görülýän taýýarlyga her birimiziň mynasyp goşandymyzy goşmagymyz gerek.

Halk Maslahatynyň mejlisiniň guralmagynyň baş maksady diňe bir ýylyň dowamyndaky işleriň jemlerini seljermek däl, eýsem, şöhratly geçmişimize hem-de bagtyýar şu günümize nazar aýlap, röwşen geljegimize ynamly gadam urmak üçin döwrüň möhüm meselelerini, zerurlyklaryny, özgerýän dünýäniň şertlerini göz öňünde tutmak bilen, agzybir il-ulus bolup çözgütleri kabul etmekdir. Bu işde bize ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi we asylly ýörelgeleri ruhy kuwwat berýär, ýakyn-u-alys geljege uzaýan ýolumyza ýagtylyk saçýar.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň möhüm ornunyň bardygy aýdyň hakykatdyr. Bu günki gün türkmen telekeçileri we senagatçylary oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we gurluşyk önümçiligi, innowasion tehnologiýalar ýaly ugurlarda uly işleri amala aşyrýarlar. Senagatçylar we telekeçiler gysga döwürde ýurdumyzda azyk önümlerini hem-de ilatyň gündelik sarp edýän beýleki harytlaryny dünýä standartlaryna laýyk derejede we bol möçberde öndürmegi başarýarlar. Häzirki döwürde milli haryt nyşanly önümler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda-da islegli önümleriň hataryna girýär.

Soňky ýyllarda telekeçileriň ýeten sepgitleri hususy pudagyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Kiçi we orta telekeçilik milli ykdysadyýetimizi uzak möhletleýin esasda ösdürmegiň üns merkezindäki ugurlaryň biri bolup, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm orun degişlidir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak, bazar gatnaşyklary şertlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasaty alyp barmak, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen önümler bilen doly üpjün etmek ýaly möhüm işler durmuşa geçirilýär.

Milli ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem hususy pudakda zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň amala aşyrýan içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn özgertmeleri, gazanylýan uly üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri wagyz etmek bilen baglanyşykly wezipeleri berjaý edýärler. Olar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine işjeň taýýarlyk görýärler. Watanymyzyň ähli taryhy ösüş pursatlarynda döwlet dolandyryşynyň iň derwaýys meselelerine Halk Maslahatynyň mejlislerinde garalyp, döwlet, jemgyýetçilik durmuşyny ösdürmäge gönükdirilen çözgütler kabul edilýär. Şol çözgütleriň kabul edilmegine jemgyýetçiligiň ähli ulgamlarynyň wekilleriniň gatnaşmagy halk häkimiýetliliginiň ýörelgelerine kybap gelýär. Umumymilli forumyň geçen ýyllardaky mejlislerinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda, hususyýetçiligi ösdürmek babatda öňe sürlen teklipleriňdir kabul edilen çözgütleriň oňyn netijelerini biz bu günki gün aýdyň görýäris.

Bu gün mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna, bu şanly senäniň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýar. Asylly däbe görä, halkymyzyň toý-baýramlarynyň belent ruhuna beslenjek umumymilli forumda Garaşsyz döwletimiziň, agzybir halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halkyň arasynda uly abraýdan peýdalanýan ildeşlerimize döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy we hormatly atlaryň dakylmagy il-ulsumyzy täze ýeňişlere ruhlandyrar.

Sözümiň ahyrynda, halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky köpasyrlyk arzuw-isleglerinden bina bolan eziz Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, berkarar türkmen döwletiniň dünýädäki at-abraýynyň barha artmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Halkymyzy belent maksatlara uzaýan ýolda jebisleşdirip, ýurdumyzy röwşen geljege tarap alyp barýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.