Bütin adamzadyň arzyly arzuwlaryny hasyl etmegi, ýer ýüzüne ýagşylyk ýaýmagy nazarlaýan ýörelgeleri baýdak edinýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny has-da rowaçlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda berkarar döwletimiz şanly ýylyň toý-baýramlaryna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Dostlukly döwletlerden, abraýly halkara guramalardan ýokary derejeli myhmanlaryň ýurdumyza gelip, umumadamzat ähmiýetli wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy, diňe bir Diýarymyzda däl-de, dünýäniň dürli ýurtlarynda türkmen Bitaraplygynyň we şanly ýylyň ähmiýetine bagyşlanan duşuşyklaryňdyr maslahatlaryň geçirilmegi 2025-nji ýylyň Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny äşgär edýär.
Geçmişde keremli topragymyza ýoly düşen jahankeşdeler türkmeniň halallyga ýugrulan durmuş ýörelgelerine, jemgyýetdäki adalatlylyga, halkyň süňňüne siňen ynsanperwerlige haýran galmak bilen, olaryň dünýä nusgalyk bolup biljekdigi baradaky ýazgylary galdyrypdyrlar. Jeňde janyny, toýda malyny gaýgyrmaýan döwletli milletimize mahsus asylly häsiýetleriň öň hatarynda özünde bar bolan ähli gowulyklary il bilen paýlaşmak, hemmelere ýagşylyk islemek ýaly ýörelgeler durýar. Häzirki döwürde berkarar döwletimiziň öňe sürýän Bitaraplyk taglymaty hem külli adamzadyň parahat, abadan durmuşda ýaşamagyny, ynanyşmak arkaly şu günki durmuşymyzyň eşretli, geljegimiziň röwşen bolmagyny gazanmagy maksat edinýär. Dünýäde emele gelen ýeňil bolmadyk şertlerde iň asuda ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edilen Türkmenistan döwletleri, halklary parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk ýaly gymmatlyklaryň daşynda jebisleşip, agzybirlikde gülläp ösmäge çagyrýar. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy bilen tanşanyňda bolsa, türkmen döwletiniň şeýle asylly maksatlara ýetmek üçin anyk teklipleri, aýdyň meýilleri öňe sürýändigine göz ýetirýärsiň.
Şanly ýylyň ilkinji günlerinden bäri jahanyň çar ýanyndan gelip gowuşýan hoş habarlar bilen birlikde, gyşymyzyň gyşa, ýazymyzyň ýaza meňzemegi, rysgal-bereket nuruna deňelýän ak garyň yzygiderli ýagmagy, ýazyň ygally gelip, dag-düzlerimiziň, sähralarymyzyň ýaşyl dona bürenmegi döwletimiziň we halkymyzyň ýagşy niýetinden ýalkanýandygynyň nyşanydyr. Asmandan nur-bereket ýagýan günde — 15-nji fewralda Gahryman Arkadagymyzyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde geçiren iş maslahaty hem netijeli başlangyçlara, gymmatly öwüt-ündewlere baý boldy. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmegi şanly ýylyň dabaralaryna örän çynlakaý taýýarlanylyp, bu babatda ýurdumyzyň toplan baý tejribesiniň, döredijilik mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçiriljekdigini tassyklaýar.
Milli Liderimiziň iş maslahatyny hut parahatçylyk, agzybirlik, gülläp ösüş ýaly gymmatlyklary ilerledýän röwşen taglymatymyzyň alamaty hökmünde täze taryhy döwrümiziň meşhur nyşanlarynyň birine öwrülen binanyň durkunyň täzelenýän ýerinde geçirmegi özboluşly many-mazmuna eýedir. Çünki gymmatlygy şöhlelendirýän keşp, nyşan näçe çuňňur mazmuna, inçelige eýe bolsa, onuň meşhurlygy hem şonça ýokary bolýar. Hormatly Arkadagymyzyň durky täzelenilýän binada BMG-niň baýdagynyň reňkleriniň öz beýanyny tapmagynyň, onuň «Bitaraplyk binalar toplumy» diýlip atlandyrylmagynyň, bu ýerde türkmen Bitaraplygynyň taryhyna degişli maglumatlary özünde jemleýän muzeýiň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky başlangyçlary buýsanjymyzy goşalandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşla çenli hemmeleriň Bitaraplyk düşünjesiniň, onuň gymmatynyň näderejede ýokarydygyny bilmelidigini hem-de duýmalydygyny aýratyn nygtap, bu künjegiň ýaşlaryň, myhmanlaryň, syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüljekdigine ynam bildirmegi milli buýsanjymyza öwrülen gymmatlygyň döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny berkitmekde, ýurtlaryň hem-de medeniýetleriň özara gatnaşygyny ösdürmekde eýeleýän ornuny aýdyň görkezýär.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaralaryň hakyky türkmen toýunyň ruhuna beslenjekdigi eýýämden duýulýar. Türkmen toý tutanda uludan tutýar. Toýa goşant goşmak, sowgatly barmak halkymyzda asylly däp hasaplanýar. Şanly ýylyň dabaralaryna hem her bir raýat, her bir pudagyň işgärleri tutanýerli zähmet üstünlikler bilen barýar. Guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde geçirilen mejlisde Gahryman Arkadagymyz baýramçylyk dabaralarynyň geçirilmegine dahylly düzümleriň bilelikdäki tagallalaryna we olaryň sazlaşykly işleriniň üpjün edilmegine ünsi çekip, her ulgamyň öňünde durýan wezipeleri jikme-jik kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, baýramçylyk dabaralarynyň guralýan ýerlerinde söwda medeniýetini kämilleşdirmek, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini ýokary derejede ýola goýmak, şanly senäniň nyşanlaryny özünde jemleýän sowgatlyk önümleri taýýarlamak ýaly wezipeleriň hususyýetçileriň paýyna düşýändigini bellemek gerek. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýän önümler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşany bilen göze gelüwli edilip bezelýär. Milli haryt nyşanly önümler şol ýurduň halkara abraýynyň artmagyna täsirini ýetirýän şertleriň biridir. Şu hakykatdan ugur alyp, türkmen işewürleri öndürýän önümleriniň we ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Harytlarda şanly ýylyň nyşanynyň ýerleşdirilmegi bolsa işewürlerimizi has-da jogapkärçilikli we tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bahar paslynyň ajaýyp günlerinde, has takygy, 17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününiň 17 ýyllygyny dabaraly bellemek meýilleşdirilýär. Şanly sene mynasybetli giň gerimli sergini guramak göz öňünde tutulýar. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu sergi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen hem-de hormatly Prezidentimiziň goldawyndan galkynýan iri işewürlik düzüminiň ýeten sepgitlerini, türkmen telekeçileriniň gazanýan üstünliklerini görkezer. 18-nji martda bolsa Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (ITF — 2025) atly halkara forumy geçirmek maksat edinilýär. Bu forum dürli ýurtlaryň işewür düzümlerini ýurdumyzda amala aşyrylýan geljegi uly taslamalar bilen tanyşdyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda uly ähmiýete eýe bolar.
Ýurdumyzyň senagatçylary we telekeçileri geçen döwürde önümçiligiň hem-de hyzmatlar ulgamynyň dürli ugurlarynda baý tejribe toplap, iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda baýramçylyklardyr şanly seneler mynasybetli açylyp ulanmaga berilýän, şeýle-de halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin gurluşygy güýçli depginde dowam etdirilýän durmuş-ykdysady we medeni maksatly desgalaryň taslamalarynyň ýerli işewürler tarapyndan amala aşyrylýandygy diýseň begendirýär. Munuň özi hususy pudagyň barha kuwwatlanyp, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşýandygyna, ýurdumyzda önüm bolçulygyny üpjün etmekde, döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda uly orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemleri jemlenildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen ýylda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgininiň 110 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgininiň 104,1 göterime barabar bolandygy bellenildi. Bu görkezijiler hususyýetçileriň alyp barýan işleriniň oňyn netijesinden, ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply milli haryt nyşanly önümleriň görnüşleriniň köpelýändiginden, olaryň öndüriliş möçberleriniň artýandygyndan habar berýär. Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täze önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak babatda netijeli işleri dowam etdirmegiň möhümdigine üns çekmegi, kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligini ösdürmek bilen bagly taslamalar üçin berilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmagy nygtamagy hususy pudagyň wekillerini mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Döredilýän şert-mümkinçilikler senagatçylara we telekeçilere öz öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge kuwwatly itergi berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary esasynda kabul edilen 2025-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterim derejede saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna müňlerçe täze iş orunlaryny döretmek ýaly wezipeler göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Maksatnamada kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek hem-de jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek ýaly wezipeleriň kesgitlenilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hususy pudagyň wekillerine bildirilýän ynamyň barha artýandygyny äşgär edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda hususy pudagy ösdürmek, hususan-da, ýaşlary telekeçilige işjeň çekmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýörite okuwlaryňdyr maslahatlaryň guralmagy, ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi oňyn netijeleri berip, milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň kuwwatynyň yzygiderli artmagyny şertlendirýär. Agzybirlik, jebislik, päk niýetlilik ýaly ýörelgeler esasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tutuş adamzadyň abadançylygy üçin beýik işleri bitirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşynyň binýadyny barha berkidýär.
Goý, 2025-nji ýylda Garaşsyzlygymyzyň, Bitaraplygymyzyň binýady has-da berkesin! Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly öz adyna eýe bolup, bütin dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak we dost-doganlyk güllesin! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli başlangyçlary rowaç, bagtyýar günlerimiz dowamat-dowam bolsun!
Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.