Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

ABADANÇYLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLY

Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de tu­tuş Ýer ýü­zün­de adam­za­dyň abadançylygy­ny na­zar­la­ýan baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. Şo­lar dün­ýä halk­la­ry, döwlet­le­ri ta­ra­pyndan uly gol­da­wa eýe bol­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň başlan­gy­jy esa­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gurama­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 30-a go­laý Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edilme­gi, şol san­da «2025-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» atly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan gol­da­nylma­gy hem mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Şu ýyl Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­tarap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gurama­sy­nyň dö­re­dil­megi­niň 80 ýyl­ly­gy bi­len ga­bat gel­me­gi öz­bo­luş­ly ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. Bu ab­raý­ly gu­ra­ma gir­ýän iň asu­da, aba­dan ýurt­la­ryň bi­ri bo­lan Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan bütin adamzada parahatçylyk arkaly gülläp ös­me­giň, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gyň nus­ga­lyk gö­rel­de­si­ni gör­kez­ýär. 

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň «Mag­tym­gu­ly – dün­ýä­niň akyl­da­ry» at­ly aja­ýyp ese­ri­niň ne­şir edil­me­gi bol­sa Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň paý­has­ly pent­le­ri­niň döw­le­timi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni­ni düzjekdiginiň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rül­di. Türk­me­nis­ta­nyň Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we ynanyşmak ýy­ly­nyň do­wa­myn­da­ky iş­le­ri­niň we ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­nyň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň ka­bul edil­me­gi hem bu ha­ky­ka­ty aý­dyň tas­syk­la­ýar. Bu Kon­sep­si­ýa­da dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daýla­ry ýe­ňip geç­mek we adam­za­dyň aba­dan ýaşaýşyny üp­jün et­mek üçin pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol­lar hö­dür­le­nil­ýär, şol san­da sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­na, işe­wür­lik gat­na­şyk­lary­na hem mö­hüm orun be­ril­ýär. 

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dost-do­gan­ly­gyň il­çi­si ha­sapla­nyl­ýan sport diplomatiýasy ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Biz mu­ňa Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň Mo­na­ko Knýaz­ly­gy­na ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da ýe­ne bir ýo­la aý­dyň göz ýe­tir­dik. Mil­li Li­de­ri­miz sa­pa­ra ug­ra­ma­gy­nyň öň­ýa­nyn­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bi­len bo­lan söh­bet­deş­li­gin­de bu ýur­duň özü­ni beý­le­ki ugur­lar bi­len bir ha­tar­da, sport üs­tün­lik­le­ri esasyn­da tanadandy­gy­ny, 2025-nji ýyl­da Mo­na­ko­nyň «Dün­ýä­niň sport paý­tag­ty» diýlip yg­lan edilen­di­gi­ni, Türk­me­nis­tan­da bol­sa bu ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip at­lan­dy­ry­lan­dy­gy­ny bel­läp, spor­tuň Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy ber­kit­mek­dä­ki or­nu­na ünsi çek­di. Sa­pa­ryň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len ýoka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­lar­da iki ýur­duň ara­syn­da beý­le­ki ugur­lar bi­len bir hatar­da, me­de­ni­ýet, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ryn­da gat­na­şyk­la­ry çuň­laşdyr­ma­gyň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Mo­na­ko Knýaz­ly­gyn­da sa­par­da bo­lan gün­le­rin­de «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň bu ýur­duň paý­tag­ty Mon­te-Kar­lo­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, Al­tyn baý­ra­ga we beý­le­ki ýö­ri­te baý­rak­la­ra my­na­syp bol­ma­gy şu ýy­lyň uly üs­tün­lik­le­re, be­dew batly ösüş­le­ri­mi­ziň do­wa­ma­ta bes­len­jek­di­gi­niň ny­şa­ny­na öw­rül­di. Sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dü­rip, halk­la­ryň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ber­kid­ýän, Wa­ta­nymy­zyň ab­ra­ýy­ny has-da beý­gel­dip, hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da ýa­daw­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem-de Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, döw­let­li iş­le­ri mundan beý­läk-de ro­waç al­syn!

Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.