Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berk binýatly berkarar döwletimiziň Esasy Kanunynyň hem-de ýaşyl tugunyň toýy ruhy galkynyşyň, agzybirligiň, jebisligiň, ynsanperwerligiň baýramy hökmünde dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sözleri bilen aýtsak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr. Bu şanly sene Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň durmuşynda hem şatlykly wakalara, baý many-mazmuna beslenýär. Sebäbi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda eziz Watanymyzyň ykdysadyýetini häzirki zaman bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmegiň binýady berkidilendir. Syýasy ylymlarda kesgitlenişi ýaly, hususy eýeçiligiň rowaçlandyrylmagy we onuň netijesinde bäsdeşligiň işjeňleşmegi raýat jemgyýetini ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hasaplanýar.
Beýik Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň nyşanlaryna il-günümiziň buýsanjy, sarpasy egsilmezdir. Paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasy, Baş baýdak meýdançasy, Arkadag şäherindäki, welaýatlaryň merkezindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky baýdak meýdançalary döwletliligimiziň baş nyşanlarynyň mukaddesligini has-da dabaralandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýädäki iň inçe, owadan sungat hökmünde ykrar edilen türkmen halysynyň gölleri, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, agzybirligi, jebisligi alamatlandyrýan bäş ýyldyz hem-de ýarymaý şekillendirilen, täzelenişi, ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň saýasynda eziz Watanymyz ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar.
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämize laýyk kadalar Esasy Kanunymyzdan eriş-argaç bolup geçýär. Onuň «Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy» atly VII bölüminde ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy hakynda kadalar kesgitlenip, «Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär» diýlip bellenýär. Eýeçiligiň eldegrilmesizdigi, Türkmenistanyň ýere, önümçilik serişdelerine, gaýry maddy we intellektual gymmatlyklara hususy eýeçilik hukugyny ykrar edýändigi, bu hukugyň kanun bilen goralýandygy hakynda kadalara-da aýratyn orun berlipdir.
Milli ýörelgelere esaslanýan we hakyky halk demokratiýasyna daýanyp, watandaşlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Jemgyýetimiziň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryna halkyň çäksiz sylagynyň, belent sarpasynyň beýany hökmünde Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi we türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip, konstitusion kanun esasynda ykrar edildi. Halk Maslahaty jemgyýetiň syýasy ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde ýurdumyzyň syýasy partiýalary bilen netijeli işleri alyp barýar.
Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Mejlisiň VII çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatyna gatnaşyp, Konstitusiýanyň esas goýujy ýörelgelerine, ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan kabul edilen hukuk resminamalaryna esaslanyp, milli ykdysadyýeti ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan maksatlaryň amala aşyrylmagyna kanunçylyk taýdan oňyn şertleri döretmekde anyk wezipeleri kesgitläp berdi. Şonuň esasynda kiçi we orta telekeçiligi, ýaş telekeçileri, ýaşlar kärhanalaryny goldamak, höweslendirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Esasy Kanuna we döwrüň talaplaryna laýyklykda, kanunçylyk namalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda», «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda», «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» täze Kanunlaryň kabul edilmegi konstitusion özgertmeleriň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. Olar eziz Watanymyzyň her bir raýatynyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goragynyň kepilliklerini güýçlendirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu işleriň netijesinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» we beýleki möhüm resminamalardan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin hukuk mümkinçilikleri giňeldilýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 30-njy martynda geçirilen bäşinji maslahatynda hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Şol gün «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda», «Gidrometeorologiýa işi hakynda», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunуnа üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garalyp, olar biragyzdan makullanyldy. Kabul edilýän kanunçylyk namalary giň gerimli durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin amatly şertleri üpjün etmek bilen, halkymyzy täze belentliklere ruhlandyrýar.
Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.