Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

GARAŞSYZLYK TÜRKMEN HALKYNYŇ ALTYN EÝÝAMYNYŇ BADALGASYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taglymat esaslaryny wagyz etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň many-mazmunyny düşündirmek bilen, şeýle diýdi: «Ykbalymyzdan parlak Gün bolup dogan Garaşsyzlygymyz türkmen halky üçin altyn eýýamyň gapysyny açdy, Türkmenistany hemişelik Bitaraplygyň mekanyna öwürdi. Bu dünýäde ykrar edilen hakykatdyr».

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýaşlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler, gözbaşy has gadymy döwürlerden gaýdýan nesil terbiýesi, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan milli durmuş tejribelerimiz barada söhbet etdi. Döwür hakda, beýik geljegimiz hakda, bizi gyzyklandyrýan meseleler barada pikir alyşdy. Nygtalyşy ýaly, mundan 32 ýyl ozal — 1991-nji ýylyň güýzünde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz döredildi hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Şol taryhy günden başlap, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny özbaşdak kesgitläp, okgunly ösýän ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, dünýä bileleşiginde uly abraýdan peýdalanýan demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyryldy.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda berkararlygyň, bagtyýarlygyň hem-de beýik galkynyşlaryň röwşen ýoly bilen öňe barýan Diýarymyzda hususy pudakda gazanylýan üstünliklerdir ösüşler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygyna mynasyp sowgatdyr. Türkmen telekeçileri bu tutumly toýa döwrebap binalardyr desgalary ulanmaga bermek ýaly asylly işler, döwletli başlangyçlar bilen barýar. Şu ýylyň sekiz aýynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 108,5 göterime hem-de senagat önümleriniň ösüş depgini 107,1 göterime deň bolmagy hem şanly toýuň bosagasyndaky mynasyp işlerdir.

Şu ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilenine 15 ýyl, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilenine 11 ýyl doldy. Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, senagatçylarymyzyň we telekeçilerimiziň ýurdumyzyň ösüşine goşýan mynasyp goşantlary, gazanýan üstünlikleri bizi buýsandyrýar. Olaryň ýeten sepgitleri hususy pudagyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülendigine şaýatlyk edýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetiň depginli ösüşiniň möhüm şerti bolan telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagy we işewürligiň höweslendirilmegi hususy pudagyň rowaçlanmagyna badalga berdi. Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde telekeçilik ulgamyna, hususan-da, isleg bildirilýän daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilmegine aýratyn ähmiýet berildi. 

Geçen gysga döwürde döwletimizde kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň täze hukuk esaslary döredildi. «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2018­nji ýylda «Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024­nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edilip, häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary ýörelgesinde gurýan Türkmenistanda halk hojalyk toplumynyň bu bölegini netijeli we sazlaşykly ösdürmek üçin amatly ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Ol salgyt ulgamyny kämilleşdirmekde, eksport-import amallaryny geçirmegi ýönekeýleşdirmekde, ýeňillikli karzlaşdyrmakda öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde hususy ulgama möhüm ornuň degişlidigini belleýär. Döwlet Baştutanymyz kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet tarapyndan geçirilýän çäreleriň ýurdumyzda telekeçilik işini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtaýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2052-nji ýyllar döwür üçin Milli maksatnamasynda» hem hususy pudagyň işine döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw bermek wezipelerine aýratyn orun berilýär.

Türkmen telekeçileri ykdysadyýetiň täze pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzyň mineral-çig mal baýlyklaryny işläp taýýarlamakda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirýärler. «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu ugurda döwlet kärhanalary bilen kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň hyzmatdaşlygy ösdürilýär.

Telekeçilik ähli sebitlerde ösdürilip, bu ulgam giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligi boýunça wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň ynamy we goldawlary bilen hususy gurluşyk kärhanalarymyz senagat, durmuş we medeni maksatly desgalaryň köp sanlysy gurýarlar, şäherlerimizi hem-de obalarymyzy abadanlaşdyrmaga işjeň gatnaşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Garaşsyz döwletli bolmak arzuwy ençeme asyrlap halkymyzyň ýüreginde ýaşady. Döwrümiziň bagtyýar nesilleri hasyl bolan arzuwlary berkidýän nesiller hökmünde uly jogapkärçiligi egne alýarlar, hut şunuň bilenem olar tükeniksiz mertebäniň, at-abraýyň eýeleridir. Olar özbaşdak döwletli bolmagyň nähili uly bagtdygyny, şol bir wagtyň özünde nähili uly borçdugyny, döwleti berkitmegiň öz ykballaryna düşen mukaddes paýdygyny her ädimde duýmalydyrlar. Bu, hakykatdan hem, nesillere ykbalyň taýsyz peşgeşidir, mukaddes paýydyr» diýen sözleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyny belent ruhda beýan edýär. 

Bellenişi ýaly, biz Garaşsyzlyk bilen geçmişlidiris, şu günlüdiris, geljeklidiris. Garaşsyzlyk diýmek öz eliň, öz ýakaň diýmekdir. Garaşsyzlyk diýmek eliň uzadan ýerine ýetmegi diýmekdir. Garaşsyzlyk diýmek özüňi sylamak we özüňi sylatmak diýmekdir. Garaşsyzlyk diýmek öz halkyňy we öz topragyňy ilki özüň ykrar etmek, soňra özgelere-de ykrar etdirmek diýmekdir. Garaşsyzlyk diýmek mertebäňi duýmak we mertebäňi ykrar etdirmek diýmekdir. Garaşsyzlyk diýmek öz geçmişiňe, öz taryhyňa, öz milletlik derejäňe düşünmekdir we bulary hemmelere düşündirmegi başarmakdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda geçen umumy sapagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taglymat esaslaryna giňişleýin düşündiriş berdi:  Millet hökmünde özüňi tanamak, milli kämillik we milli bitewülik ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň binýatlaýyn esasydyr. Bu taglymat milletimiziň ruhy galkynyşydyr, halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda sazlaşygy üpjün etmegiň hem-de dost-doganlygyň rowaçlanmasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taglymaty türkmen halkynyň baý taryhyny öwrenmegi, halal ýaşamagy, parahatçylygyň, asudalygyň gadyryny bilmegi, milli mirasy, däp-dessurlary düýpli öwrenmegi we rowaçlandyrmagy, ähli gymmatlyklaryň seresi bolan Garaşsyzlygymyzy, Bitaraplygymyzy berkitmegi ündeýän taglymatdyr. Döredijilikli zähmet, ýokary ruhubelentlik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş şygarlarydyr. Biziň üçin döwrümiziň baş taglymatyndan ugur alyp, Watana söýgi we oňa wepalylyk bilen hyzmat etmek uly mertebedir. Şeýle mertebä eýe bolup, ömrümizi manyly ýaşamagyň gymmaty Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» we «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaplarynda beýan edilýär. Umumy sapakda bu eserleriň mazmunyna hem ýüzlenildi: «Watana bolan söýgi — ähli gowy duýgularyň gönezligi. Ynsany erkin ýaşadýan we bagtly edýän, gursaklarda ýaşaýyş-durmuş umydyny alawlandyrýan, ösüşlere we barha belentliklere ymtylmagyna itergi berýän zat Watan söýgüsidir. Aslynda, her bir gözelligiň we durmuşyň asyl manysyna çuňňur düşünmek üçinem, ilki bilen, Watan söýgüsi gerek». Şeýle-de, Milli Liderimiz ýagşylyk, haýyr-sahawat ýaly halkymyz üçin mukaddes düşünjeler hakynda-da gürrüň berip, mydama birek-birege hemaýat etmek, hormat goýmak, birek-biregiň gadyryny bilmek, ejize ganym bolmazlyk ýaly milli ýörelgelere eýermegi sargady.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň, berkarar döwletimiziň täze Galkynyşlarynyň miweleriniň hatarynda 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen taryhy maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi has-da buýsandyryjydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, merdana ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan taryhy tejribesine esaslanyp döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň esasynda alnyp barylýan syýasatyň Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyrmakdan, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň abadançylygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmekden ybaratdygyny görkezdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, halkara kadalara laýyklykda, açyklyk, aýanlyk, asudalyk ýagdaýynda, demokratik ýörelgeler we bäsdeşlik esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Bu wakalar ýurdumyzyň döwlet gurluşyny we kanun çykaryjylyk işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmekde möhüm ädime öwrüldi.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygyna barýan günlerimizde günübirin şaýat bolýan taryhy wakalarymyz, şanly ýylyň her bir gününiň toý ruhy, toý tutumy döwletimiziň özbaşdaklygyna, özygtyýarlylygyna, garaşsyz ösüş ýoluna bolan guwanjymyzyň aýnasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkidýän, ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmekde taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik tutumlary elmydama rowaç bolsun.

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.