Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL!

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmekde alnyp barylýan işlerde telekeçileriň mynasyp paýy bar. Bu gün ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply telekeçilik işjeňligi, telekeçiligi guramagyň hem-de hyzmatlary etmegiň häzirki zaman usullary kemala geldi.

Telekeçiligiň ösdürilmegi, ilkinji nobatda, bazar gatnaşyklarynyň çuňlaşmagyna, önüm öndürijileriň arasyndaky bäsleşigiň artmagyna, bazarda önüm bolçulygynyň döredilmegine ýardam edýär, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrýar. Telekeçiler ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürip, şol önümler bilen halkymyzy elýeter bahadan üpjün edýärler. Öz önümlerini daşary ýurtlaryň bazaryna çykarýarlar. Olar ilata önümleriň täze görnüşlerini hödürlemäge çalyşýarlar.

Döwletimiziň ykdysady ösüşiniň aýrylmaz düzüm bölegi bolan telekeçilik ata Watanymyzy durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen has-da öňe ilerletmek üçin ägirt uly mümkinçiligi özünde jemleýär. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasy telekeçiligi giňden goldamaga, önümçilige iň täze tehnologiýalary we öňdebaryjy dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr geçmäge esaslanýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Bu ugurda zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, alymlar, hünärmenler we telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalýar. Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüş şertlerinde ýaşlaryň gujur-gaýratynyň telekeçilik işjeňligine gönükdirilmeginiň ähmiýeti ählumumy ykrar edilýär. Dünýäniň ykdysady taýdan ösýän islendik döwletiniň mysalynda alanyňda, telekeçilik esasy hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň telekeçiliginiň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenilmegi işewürlikde işjeň orny eýelemäge ukyply, erjel, döwrebap pikirlenýän telekeçileriň täze, ýaş nesliniň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion häsiýetde ösdürilmegine, ýurdumyzyň maýa goýum çekijiliginiň ýokarlanmagyna, täzeçil pikirlenmeleriň artmagyna mümkinçilik berýändigi bilen düşündirilýär.

Döredilýän giň mümkinçiliklerden, berilýän goldaw-hemaýatlardan netijeli peýdalanmak bilen, içerki bazary özümizde öndürilýän önümler bilen bolelin üpjün etmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, şeýlelikde, köpugurly ösüş arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýadyny pugtalandyrmakda telekeçileriň eýeleýän sepgitleri guwandyryjydyr. Türkmen telekeçileriniň gazanýan üstünlikleri içerki sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak bilen birlikde, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda öz mynasyp ornuny tapyp, hususy pudagyň daşary ýurtlara önüm bermek mümkinçiliginiň has-da artýandygyna doly şaýatlyk edýär.

Goý, ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän telekeçilere netijeli işlemek üçin giň ýol açýan we beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Tuwakgylyç Weliýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty