Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hususy pudagyň ösüşine aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň möhüm düzüm bölegi bolan hususy pudagyň yzygiderli esasda ösdürilmegi kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2008-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi. Şu geçen gysga wagtyň dowamynda hususy telekeçilerimiz ýurdumyzda birnäçe iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdiler. Häzirki wagtda jemi içerki önümiň 70% göterimden gowragynyň hususy pudagynyň paýyna düşýändigi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu babatda her ýylyň mart aýynda hususy pudagyň gazananlarynyň sergisiniň we maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi pudagyň ösüşinde täze mümkinçilikleri we ýollary açýar.
Hususy pudagyň ösüşinde her ýylda kabul edilýän maýa goýum Maksatnamalarynyň uly orny bardyr. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçirilen nobatdaky mejlisinde belleýşi ýaly, şu ýyl üçin kabul edilen maýa goýum maksatnamasynda göz öňünde tutulan taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde hususy pudagyň orny örän uludyr. Ýeri gelende bellesek, ata Watanymyzyň dürli künjeginde amala aşyrylýan gurluşyklaryň aglaba bölegi hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan alnyp barylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi esasynda ilatyň ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçiligine hem aýratyn uly ähmiýet berilýär. Şunda döwlet Baştutanymyzyň: «Her bir maşgalanyň özbaşdak öýi ýa-da jaýy bolar» diýen buýsançly sözleri durmuş hakykatyna öwrülýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022 – 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, eziz Diýarymyzyň dürli künjeginde döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly boýunça alanymyzda, welaýatymyzyň çäginde birnäçe ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berlendigini aýratyn bellemek möhümdir. Welaýatymyzyň ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesi hususyýetçilerimiz tarapyndan ulanmaga berildi. Bu bolsa gülleýişiň hem-de galkynyşyň mekany bolan berkarar döwletimizde halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy barada edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr. Bu döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan bina edilendigini buýsanç bilen bellemek gerek.
Şeýle hem häzirki wagtda Daşoguz şäheriniň gözel künjeginde ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Bu ýerde bagtyýar maşgalalaryň 4 müňe golaýy jaý toýuny toýlamagyň bosagasynda. Döwrebap ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň gurluşygyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan amala aşyrylandygy hem bellärliklidir.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda bazar bolçulygy üpjün edilýär. Welaýatymyzyň çäginde birnäçe oba hojalyk ugrunda hereket edýän döwrebap daýhan hojalyklaryň, hususy ýer eýeleriniň pagtadan, bugdaýdan, beýleki gök-bakja ekinlerinden döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, bazar bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýandyklary diýseň buýsançlydyr. Welaýatymyzyň ykdysadyýetiniň esasy düzüm böleginiň oba hojalygy bolup durýandygyny nazara alanymyzda, ene ýerden bol hasyl alýan daýhan hojalyklarynyň işini bellemän geçmek bolmaz. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde, gaýtadan işleýän senagatyň paýynyň artmagynda hususy kärhanalaryň mynasyp goşandy bar.
Telekeçilik häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Sözüň doly manysynda alanyňda bolsa, hususyýetçilik ykdysadyýetimiziň möhüm düzüm bölegidir. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän hususy telekeçilerimiziň dürli pudaklarda gazanýan üstünlikleri ata Watanymyzyň kuwwatly döwlete öwrülmeginde uly ähmiýete eýedir. Sebitde ýeke-täk «akylly» şäher adynda eýe bolan Arkadag şäheriniň gurluşygyny alyp barmakda türkmen telekeçileriniň mynasyp paýy bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza bolan beýik söýgüsinden, ata Watanymyza bolan çäksiz buýsanjyndan bina edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurluşygy gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda halkymyzyň buýsanjyna öwrülen Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy bilen binýat bolan ajaýyp şäheriň gurluşygynyň türkmen telekeçilerine ynanylmagy hususy pudagyň ägirt uly kuwwatlyga eýediginiň netijesidir. Bu bolsa hususy pudagyň wekillerini diýseň guwandyrýar, buýsandyrýar.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Maksut TORAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.