Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

ARKADAG ŞÄHERI - BAGTYŇ ŞÄHERI

Türkmen halkynyň alyslardan gelýän şöhratly taryhyndan gözbaş alýan gadymy topragynda durmuş ulgamynda öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäher — Arkadag şäheri kemala gelmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesidir. Dünýä binagärliginde täze sahypany açan şäherde şäher gurluşygynyň iň gowy däpleri dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. 

Desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň peýdalanylandygyny täze şäheriň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy baradaky güwänamanyň gowşurylmagy şaýatlyk edýär.

Bilşimiz ýaly, şäher dört ýyldan gowrak wagtda guruldy. Onuň durmuş ulgamy «akylly» duralganyň, elektroulagyň, Gün batareýalarynyň we ýel elektrik generatorlarynyň, başga-da köp sanly döwrebap tehnologiýalaryň esasynda guralandyr. Täze şähere ajaýyp görk berýän ýadygärlik toplumy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagynyň başlangyjy bilen gurlup, ol halkyň buýsanjyna we bahasyz baýlygyna öwrülen bedewlere bolan ählihalk söýgüsiniň nyşanydyr.

Arkadag şäherinde ýol yşyklandyryjylary hem täzeçil usulda gurnalandyr. Olar awtomatik ýagdaýda, şäheriň ulag akymlaryna baglylykda sazlaşykly işleýär. Mundan başga-da, bu şäher Merkezi Aziýa sebitinde durmuş üpjünçilik ulgamy tutuşlygyna elektron ulgam arkaly dolandyrylýan ýeke-täk şäherdir. Bu ýerde ýaşamak üçin ähli şertleri döredilen köp gatly ýaşaýyş jaýlary guruldy hem-de ähli jaýlar «akylly» öý ýörelgesi esasynda işleýär.

Şeýle hem ähli tölegleri jaýdan çykmazdan amala aşyrmak mümkin. Şäheriň ähli düzüminiň elektrik toguny tygşytlaýjydygy bellenilýär.

Arkadag şäheri agşamlaryna has hem owadan. Ýokardan synlanyňda, ol türkmen halysyny ýadyňa salýar. Giň şaýollar, köçeler we aýlaw ýollary häzirki zaman yşyklandyryş, wideogözegçilik hem-de dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilendir. Munuň özi ýol hereketiniň maglumat berijiliginiň, howpsuzlygynyň we netijeliliginiň ýokarlanmagyna, ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisiniň — sürüjileriň we pyýadalaryň özara gatnaşygynyň sazlaşmagyna getirýär. Awtomobil ýollarynda jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi üçin niýetlenen zolaklar hem ýolagçylaryň rahatlygyny üpjün edýär. Ýol ýazgylary, ulaglaryň hereketiniň gözegçiligi sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar.

Mundan başga-da, duralgalarda ulaglaryň gelýän wagtyny kesgitleýän, ýol hereketleriniň maglumatlaryny özünde jemleýän ýörite mobil goşundysy döredildi. Elektrobuslardan we elektromobillerden peýdalanylmagy şäherde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Goý, bu işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.