Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

GADYMY ÄNEW SÖWDA-KERWEN ÝOLUNYŇ IRI HALKASY

Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndaky üstünliklerini täze belentliklere çykarýan «Pähim-paýhas ummany  Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet»  atly  dürdäne eserindäki «Ýurduň taryhynda bellenilip geçilýän şanly wakalar göwün joşduryjy ýakymly täsiri bilen adamlaryň ýadynda galýar» diýen parasatly sözleriniň hakykatyny dabaralandyrýar. 

Halkara jemgyýetçiliginde nygtalyşy ýaly, medeniýetleriň dostlugy döwletleriň hyzmatdaşlygynyň ýoluny gurýar. Hyzmatdaşlyk ýollary bolsa ykdysadyýetleri ösdürýär. Ykdysadyýetleriň ösmegi bolsa halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Bagtyýar durmuş bolsa medeniýetleri dostlugyň we hyzmatdaşlygyň täze dessurlar bilen baýlaşmagyna ýardam edýär.  Şonuň özi hem medeni çäreleriň ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde telekeçiligi ösdürmäge ýardam edýändigini görkezýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eserinde Parfiýa şalygy döwründe Änewiň  Merw bilen Nusaýyň arasynda gyzgalaňly hereket edýän söwda-kerwen ýolunyň iri halkasynyň biri bolandygy barada getirýän taryhy maglumatlary hem bizi şu günki wezipelerimizi berjaý etmekde, geljegiň ösüşlerine ýetmekde taryhymyzy öwrenmegiň ähmiýetini wagyz edýär.

Alym Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen  2008-nji ýylda döredilen  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzda Durnukly ösüşiň maksatlarynyň we wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde uly üstünlikleri gazanýandyklaryny bellemelidiris.

Döwlet Baştutanymyzyň: «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eseriniň «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly bölüminde Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde bu gadymy toprakda senagatçylaryň we telekeçileriň alyp barýan tutanýerli işleri barada buýsançly nygtamagy bu pudakda zähmet çekýän her bir raýata döredijilik joşgunyny berýär. 

Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eserinde: «Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek öňde durýan esasy wezipeleriň biridir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda eksporta gönükdirilen we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge aýratyn üns berilýär. Geçen ýyllarda Ak bugdaý etrabynyň çäginde 260 gektardan gowrak ýer böleginde döredilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli senagat zolagyndaky ýokary tehnologiýaly ýüzlerçe önümçilik kärhanalarynda dürli görnüşli senagat, gurluşyk we beýleki önümler öndürilip, içerki we daşarky bazarlara ýerlenilýär. Telekeçiler tarapyndan bu gün halkyň sarp edýän önümleriniň aglabasy ýerli çig malyň esasynda milli kärhanalarda öndürilýär» diýen   anyk mysallary ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň işlerine berilýän belent bahadyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň telekeçilerine «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge gatnaşyp,   ekologiýa taýdan arassa, hil babatda ýokary önümleri öndürmäge döredýän mümkinçilikleri bolsa importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň önümçiligini has artdyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu dürdäne eserinde nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen telekeçileri öz önümleriniň ýokary hile eýedigi babatda ygtybarly halkara guramalaryň ykrarnamalaryny gazanýarlar. Innowasion tehnologiýalaryň batly depginler bilen ornaşdyrylan hususy kärhanalaryň sany bolsa yzygiderli artýar. Munuň özi ýurdumyzda «ýaşyl» ykdysadyýetiň talaplarynyň berjaý edilýändigine hem şaýatlyk edýär.

Ýeri gelende bellesek, Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kärhanalarynyň, şeýle-de 20-den gowrak dünýä döwletleriniň 70-e golaý kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagynda ýakynda geçirilen «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forum hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde  nygtaýşy ýaly, özara gatnaşyklaryň medeniýeti, medeniýetleriň özara gatnaşygy, ine, Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesi şonda jemlenendir, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasynyň sütüni, daýanç kökleri hem şondadyr. Şulary nazara almak bilen, biz döwürleriň arasyndaky gatnaşyklary dikeltmäge, halklaryň umumy taryhyny aýap saklamaga hem-de ony düýpli öwrenmäge, ähli ýurtlaryň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklarynyň binýadyny pugtalandyrmaga çalyşýarys. 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän halkara çäreler  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni çuň mazmun bilen baýlaşdyrýar. Çünki medeni gatnaşyklar söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga binýat bolup hyzmat edýär. 

Ýurdumyzda söwda we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny artdyrmak babatda beýik işleri durmuşa geçirýän  Milli Liderimiziň,  hormatly Prezidentimiziň  janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.