Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň milli medeni mirasyna, türkmen halkynyň nusgawy şahyrlaryna goýýan hormatynyň, sarpasynyň belentde tutulýandygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmen halkynyň milli edebiýatynyň kemala gelmeginde aýratyn orun eýeleýän nusgawy şahyrlarymyzyň biri-de Magtymguly Pyragydyr. Milli Liderimiziň beýik şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli 2014-nji ýylda neşir edilen “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly ajaýyp kitabynda: “Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar” diýip bellemegi şahyra goýýan hormatynyň we onuň döredijiligine berýän bahasynyň örän ýokarydygynyň, akyldaryň dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen öçmez ýitmez eserleriniň adamzat derejesinde ykrar edilýändiginiň hem-de gadyrlanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilmegi, şeýle-de “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen abraýly düzümi ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi-de munuň nobatdaky ajaýyp mysallary boldy.
Alym Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyjy we teklibi esasynda, Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde Magtymguly Pyragynyň ägirt heýkeliniň dikilmegi, onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň döredilmegi taryhy wakadyr. Milli Liderimiziň şol ajaýyp künjekde beýik akyldarymyza, milli şahyrymyza bagyşlap, täze döreden “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly kämil şygryny okap bermegi bolsa türkmen edebiýatynyň taryhynda edebi mirasyna öwrüldi.
Häzirki döwürde beýik şahyryň gymmatly hazynasy bolan onuň edebi döredijiligi dünýäniň ençeme döwletleriniň okyjylar köpçüliginiň uly islege eýe bolan kitaplarynyň sanawyna girýär. Munuň şeýledigine nusgawy şahyrymyzyň kitaplarynyň dünýäniň birnäçe döwletleriniň dillerine hususan-da, rus, arap, iňlis, özbek, gazak, italýan dillerinde terjime edilip okyjylara ýetirilendigini belläp geçmek bolar. Öňümizdäki ýylda ýagny 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny guramaçylykly we uly şatlykly bellemek boýunça Hormatly Prezidentimiz tarapyndan degişli ýolbaşçylara beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda şahyryň doglan güni mynasybetli ýurdumyzda uly möçberde işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň wekilleri hem bu şatlykly senä özleriniň zähmet üstünlikleri bilen barmagy meýilleşdirilýärler.
Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere tarap bedew bady bilen öňe alyp gitmekde alyp barýan taýsyz tagallalary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.
Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli bütinadamzat ähmiýetli işleri rowana ýollarda elmydama rowaçlyklara beslensin.
Maksat Meredow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy