Hormatly Prezidentimiň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny ösdürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi we onuň agzalarynyň ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy hususy işewürligi ösdürmek we telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlary goldamak üçin oňaýly şertleriň döredilýänligidir. Bu barada hormatly Prezidentimiz: “Telekeçileri hemmetaraplaýyn goldamak döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugry bolup durýar. Bu goldaw türkmen telekeçilerine ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge, içerki we daşarky bazarlary bäsleşige ukyply harytlar bilen üpjün etmäge, öňdebaryjy tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmaga, täze önümleri çykarmaga giň mümkinçilik berýär” diýip nygtaýar.
Ösüşlere beslenýän ýurdumyzda daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek işi ýaly meseleler telekeçileriň esasy öňde goýýan baş maksadyna öwrüldi. Muňa türkmen telekeçileri özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Milli Liderimiz öndürilýän harytlaryň eksport möçberini artdyrmak, söwda, gurluşyk işlerinde daşary ýurt tejribesini özleşdirmek mümkinçilikleriň öwrenilmegini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öňünde esasy wezipeleriň hatarynda goýdy.
Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly döwlet syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrülen telekeçilik ulgamyny ýurt Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miweleriniň biri hökmünde saýlap alsak dogry bolar. Sebäp diýeniňde, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli özgertmelerinde hususy pudagyň goşandy bimöçberdir.
Döwlet derejesinde berilýän şunuň ýaly goldaw-hemaýatlaryň netijesinde, Balkan welaýatynda hem hususy ulgama degişli kärhanalaryň birnäçesi öz işini üstünlikli ýola goýmagy başardy. Gurluşyk pudagyna degişli dürli önümleri öndürýän Türkmenbaşy etrabyndaky “Akgaýa” hojalyk jemgyýetini, Balkanabat şäherindäki “Giň dere” hususy kärhanalaryny şeýle kärhanalaryň hatarynda görkezmek bolar. Bu kärhanalaryň öndürýän dürli görnüşli gurluşyk önümleri sarp edijileriň arasynda durnukly artýan isleglerden peýdalanýar.
Welaýat merkezinde ýerleşýän “Batly gadam” hususy kärhanasy bolsa özüniň öndürýän ýokary hilli nah ýüplükleri hem-de jorap we jorap önümleri arkaly diňe bir içerki sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, önümleriň bu görnüşlerini daşarky bazarlara hem yzygiderli ugratmagyň hötdesinden gelýär. “Parfiýa gurluşyk” hususy kärhanasynyň önümleri hem sarp edijileriň artýan isleglerinden peýdalanýar. “Demir ölçeg” hususy kärhanasy tarapynda ýerine ýetirilýän elektroenergetika, elektrotehniki ugurlarynda ölçegler, kalibirirlemek, deňeşdirme işleri, aragatnaşyk ugrunda hem simli we simsiz toplumlaýyn aragatnaşyk işleri, ýyldyrymdan goraýjylary gurnamak ýaly ýöriteleşdirilen köpsanly tehniki hyzmatlar müşderileriň barha artýan isleglerinden peýdalanýar. Şeýle hem kärhanada elektrik enjamlaryny ýokary woltlarda synamak, ölçemek, elektrik enjamlaryny, elektrik howa geçiriji ulgamlary gurnamak hem-de sazlamak, elektrik geçiriji ulgamlar üçin demir gurluşlary öndürmek, yşyklandyryş üçin sütünleri, elektrik enjamlaryny abatlamak işleri üstünlikli alnyp barylýar.
Balkanabat, Türkmenbaşy şäherleriniň, Magtymguly etrabynyň mes toprakly künjeklerinde gurlan hususy ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän dürli gök önümleriň diňe bir welaýat merkeziniň däl, eýsem, welaýatymyzyň etrap-şäherleriniň ýaşaýjylarynyň hem supra-desterhanlarynyň rysgal-berekediniň artdyrýandygyny bellemelidiris.
Türkmenbaşy etrabyndaky “Senagat plastik” hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän dürli ölçegdäki plastmas poddonlar, ýagny ýükasty tekjeler halk hojalyk ýüklerini ýükläp düşürmekde, ammarlarda ýerleşdirmekde hem-de uzak wagtlap saklamakda wajyp ähmiýete eýedir. Plastmas poddonlar şeýle önümleriň agaç görnüşleri bilen diňe bir bäsleşmäge ukyply bolman, eýsem, birnäçe artykmaçlyklara hem eýedir. Şonuň üçin hem hojalyk jemgyýetiniň öndürýän önümlerine islegler durnukly ýokarlanýar. “Läle plastik” hususy kärhanasy hem ýerli çig maldan gündelik durmuşda giňden peýdalanylýan polietilen torbalaryň, şeýle-de plýonkalaryň önümçiligini üstünlikli alyp barýar.
Türkmenbaşy etrabyndaky “Hazar balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän “Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň öndürýän dürli azyk önümleri daşarky bazarlarda hem bäsleşmäge ukyplydyr.
Umuman alanyňda Balkan welaýatynda senagatçylygyň ösmegi ýurdumyzda köp sanly önümleriň ösmegine getirýär. Hususyýetçilerimiz hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna özleriniň guwandyryjy zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar”ýylymyzda her bir günümiz üstünliklere beslenýär.Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzy we bütin türkmen halkymyzy ýetip gelýän Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn.Goý, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag,ömürleri uzak,belent tutumly işleri elmydama rowaç bolsun.
Tuwakgylyç Weliýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.