Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny, döwletli işlerini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanylýar. Her bir güni ösüşlere beslenýän zamanamyzda ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri, şöhratly geçmişimiziň tejribesi täze röwüşde baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzda halk häkimiýetliliginiň, milli demokratiýamyzyň asylly däplerine esaslanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi jemgyýetimiziň jebisliginiň, döwlet berkararlygymyzyň binýadyny pugtalandyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty açyklyk, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, derwaýys çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Şeýle asylly ýörelgeler şöhratly taryhynyň dowamynda beýik döwletleri guran halkymyzyň taryhy tejribesiniň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda döwrüň ruhuna laýyklykda kämilleşdirilip, mynasyp dowam etdirilýändigini äşgär edýär. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 18-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garalyp, «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlary kabul edildi. Mejlisiň dowamynda Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde halk hojalygynyň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileriniň içgin seljerilmelidigini belläp, bu babatda aýratyn möhüm ugurlaryň altysy boýunça möhüm tabşyryklary berdi. Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalaryn da durmuş syýasatyna aýratyn ornuň degişlidigini belläp, saglyk, bilim, sport, medeniýet ulgamlaryny ösdürmegiň, iş ýerlerini döretmegiň, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy üçin beýleki şertleri üpjün etmegiň, köp çagaly maşgalalara we döwletiň kömegine mätäçlere hemaýat bermegiň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlary bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şeýle hem ýurdumyzy ösdürmegiň söwda-ykdysady, senagat önümçilik, dolandyryş, kanunçylyk-hukuk, hyzmat ediş we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler esasynda teklipleridir garaýyşlary gysga wagtda işläp taýýarlamak barada belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň guramaçylyk topary bilen bilelikde alnyp barylmaly möhüm ugurlary kesgitledi. Bu ugurlaryň her biri okgunly ösüşlerimiziň dowam etmegi we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde wajyp ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň görkezmelerinden ugur alyp, Mejlisiň deputatlary hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna, onuň öňüsyrasynda geçiriljek ählihalk forumyna ýokary dereje de taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen täze teklipleri öňe sürmäge, syýasy, ykdysady babatda ösüşleriň derejesine baha bermäge, täze möhüm wezipeleri kesgitlemäge ýardam berjek möhüm taryhy ähmiýetli waka bolar. Döwrümize bezeg berýän taryhy wakalaryň şaýady bolmak kalbyňy buýsanja besleýär. Röwşen geljege uzaýan ak ýollarymyzyň rowaçlanmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Begençgeldi Baýrammyradow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty