Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Türkmen halysy-nepisligiň sungaty

Berkarar döwletde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halyçylyk sungatyna berilýän goldawyň netijesinde ýurdumyzyň medeni mirasynyň iň gymmatly hazynasy bolan bu sungat kämillik derejesine çykarylyp, ösdürilýär. Türkmen halyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. “El hünäri il gezer” diýlişi ýaly, asyrlardan-asyrlara aşyp, häzirki bagtyýarlyk zamanamyzda gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalýan inçe sungatymyz öz nepisligi, mizemez owadan öwüşgünliligi bilen tapawutlanyp, onda ata-babalarymyzyň taryhy we medeniýeti barada syrly, gymmatly maglumatlar jemlenýär. Türkmeniň haly sungatynda şanly geçmişimiz, şu günümiz hem geljegimiz wasp edilýär. Bu günki günde Hormatly Prezidentimiz, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem türkmen halysynyň şan-şöhratynyň artmagyna uly üns berýär. Köpleri özüniň nepisligi bilen haýrana goýan türkmen halylarymyz toýlarymyzyň, öýlerimiziň bezegi. Halyçylyk sungaty asyrlaryň dowamynda timarlanyp, nepislenip, kämilleşip gelýär. Munuň şeýledigine irki döwürde dokalan halylar bilen XX asyrda we XXI asyrda dokalýan halylaryny deňeşdirilende göz ýetirmek bolýar. Irki döwürlerde haly önümleri öýüň bezegi bolmak bilen bir hatarda öý goşlaryny salmakda esasy esbaplaryň biri bolan bolsa, häzirki döwrümizde bezeg üçin giňden ulanylýar. Döwür özgerdigiçe, gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň görnüşleri hem kämilleşýär. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk edip dokalýan, görenleri özüniň görki, nepisligi bilen haýrana goýýan türkmen halylarymyz häzirki döwürde dünýä köpçüligi tarapyndan giň seslenmä eýe bolýar. 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny” adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karar biragyzdan kabul edildi. El halyçylygyň ajaýyp sungatynyň, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbiniň gaýtadan dikeldilmeginde we mundan beýläk-de ösdürilmeginde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şahsy goşandy uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji ýylda neşir edilen “Janly rowaýat” atly kitabynda türkmen halyçylarynyň döreden ägirt halylaryna we ikitaraplaýyn halylara aýratyn uly üns berilýär. Mysal üçin, meýdany 301 inedördül metre deň bolan “Altyn Asyr” halysy dünýäde el bilen dokalan iň uly haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň halylar baradaky ikinji kitaby 2016-njy ýylda neşir edilen “Arşyň nepisligi” eseri türkmen halkynyň medeni durmuşda halyçylyk sungatynyň orny we ähmiýeti baradaky oýlanmalaryň özboluşly dowamy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaplarynda türkmen halysynyň ajaýyplygy ylmy nukdaýnazardan has giň we düýpli beýan edilýär. Haly sungatynyň yzygiderli ösdürilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu çeper senetçiligi giňden wagyz etmek, gadymy haly nusgalaryny saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Täze çeperçilik haly kärhanalary gurulýar. Olarda halyçylaryň netijeli zähmeti we amatly dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzda geçirilýän halkara sergilerde hususyýetçilerimiz tarapyndan öndürilýän haly önümleriniň sergide ýaýbaňlandyrylmagy milli haly önümlerimiziň alyjylarynyň sanynyň has-da artmagyna we dünýä bazarynda mynasyp ornuny pugtalandyrmakda özboluşly oňyn täsirni ýetirýär. Häzirki taryhy döwürde türkmen haly gölleri Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň möhüm syýasy nyşanlarynyň birine öwrüldi. Ol Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň esasy bezegidir. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halyşynaslygynyň milli däpleriniň asyrlaryň jümmüşinde emele gelendigini beýan edýän kitaplary bu ajaýyp sungatyň dünýäde giňden wagyz edilmeginde ähmiýetli bolup durýar. Halyşynaslyk däpleri häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halylaryna bagyşlan kitaplary daşary ýurt dillerine terjime edilip, dünýäniň köp ýurtlarynyň okyjylar köpçüliginiň söýgüli eserlerine öwrüldi. Türkmen halkynyň milli medeni mirasyny aýawly gorap saklamak we onuň halkara abraýyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin Hormatly Prezidentimize, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunymyzy aýdýarys. Goý, Hormatly Prezidentimiziň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Jeren Rejepowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy