Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Telekeçilik – milli ykdysadyýetimiziň ösýän ugry

Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleri, halk hojalyk toplumynyň işine bazar gurallarynyň hem-de ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine itergi berýär. Telekeçiler döwletiň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýärler we öňlerinde goýlan maksada ýetmäge ymtylýarlar. Şol maksat bolsa Türkmenistany eksport ugurly kuwwatly ykdysadyýeti bolan ýurda öwürmekden ybaratdyr. Hususy önüm öndürijiler obasenagat toplumynyň özgerdilmegine goşantlaryny goşup, hojalygy ýöretmegiň täzeçil usullaryny işjeň çekýärler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ekerançylyk ýerlerinde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegi, üsti ýapyk toprakda ýylyň dowamynda gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhanalaryny guramagyň hasabyna hasyllylygyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýärler. Bitarap ýurdumyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň telekeçilerine daşary ýurtlaryň işewürleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Bütindünýä Söwda Guramasynda Türkmenistanyň işjeň synçy derejesiniň bolmagy ýurtda önümçilik düzümlerini ösdürmäge, eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has işjeň goşulyşmaga uly mümkinçilikleri berýär. Dünýäniň ykdysady taýdan ösýän islendik döwletiniň mysalynda alanyňda, telekeçilik esasy hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň telekeçiliginiň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenilmegi işewürlikde işjeň orny eýelemäge ukyply, erjel, döwrebap pikirlenýän telekeçileriň täze ýaş nesliniň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion häsiýetde ösdürilmegine, ýurduň maýa goýum çekijiliginiň ýokarlanmagyna, täzeçil pikirlenmeleriň, döredijilikli oýlap-tapyşlaryň artmagyna mümkinçilik berýändigi bilen düşündirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet tarapyndan goldaw tapýan senagatçylaryň we telekeçileriň köpüsiniň ýaşlar bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň gözýetimli, başarjaň we zehinli ýaşlaryň orny uludyr. Olaryň alyp barýan il bähbitli işleri tutuş ýurduň hereketlendiriji güýjidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen hususy pudagyň ornuny giňeltmek babatda düýpli tutumlar durmuşa geçirilýär. Ene topraga hyzmat etmäge yhlasly, döredijilikli çemeleşýän hususy işewürleriň netijeli zähmeti türkmen topragyny sözüň doly manysynda bereket çeşmesine öwürýär. Türkmen topragynyň berekedi ak bazarlarymyzyň, saçaklarymyzyň berekedidir. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň arzyly maksatlarynyň biridir. Ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän telekeçilere giň ýol açýan we beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsunymyzy aýdýarys.

Döwran Atabaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy