Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýöredýän parasatly döwlet syýasatynyň hem-de öňde goýýan maksatnamalaýyn möhüm wezipeleriniň baş maksady Türkmenistan Watanymyzy syýasy, ykdysady we durmuş--medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmekden we türkmen halkynyň bagtyýar, abadan we bolelin durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Geçen — Halkyň Arkadagly zamanasy ýylyny ýokary zähmet ýeňişleri, taryhy wakalary bilen şöhratlandyran türkmen halky 2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna ýagşy umyt-arzuwlar bilen gadam basdy.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetini öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar esasynda durnukly ösdürmekde, sanlylaşdyrmakda durmuşa geçirilýän işleriň bady artýar. Şol bir wagtda Garaşsyz döwletimizde demokratik özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde giň möçberli işler amala aşyrylýar. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň — Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Bu maslahatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin çykyş edip, raýatlaryň döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga hukugynyň kepillendirilýändigini, jemgyýetimizde asudalygy we agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkitmäge zerur şertleriň döredýändigini belläp geçdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz iň wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky asylly däplerden ugur alyp, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmegi teklip etdi. Bu teklip jemgyýetimizde gyzgyn goldawa eýe boldy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakasy öňümizde jogapkärli döwrüň durýandygyna şaýatlyk edýär. Bu waka 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlarydyr.
Partiýamyzyň welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary öňde durýan syýasy wakalar bilen bagly wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Biz welaýatymyzyň telekeçileriniň arasynda düşündiriş, wagyz-nesihat çärelerini ýola goýup, öňde durýan taryhy wakalaryň many-mazmunyny düşündirmegi maksat edinýäris.
Myratgeldi ANNAÖWEZOW, TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.