Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygary öňe sürýän Arkadagly Serdarymyz halkymyzyň bolelin, erkana durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Gurýan döwlet gurply döwletdir» diýen taglymaty bu günki gün Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirýär. Tamamlanyp barýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly uly ösüşlere, ýatdan çykmajak taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda dürli jemgyýetçilik-syýasy wakalar ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Watanymyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyz Aşgabatda dürli maksatly binalar, desgalar dabaraly açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Düýn paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän Gurtly ýaşaýyş toplumynda 90 gektardan gowrak meýdanda 3070-e golaý hojalyga niýetlenen, ýaşaýyş-durmuş şertleri üçin ähli zerur amatlyklar döredilen 4 gatdan ybarat ýaşaýyş jaýlarynyň 62-siniň, çagalar bagynyň, orta mekdebiň, söwda- dynç alyş merkeziniň, söwda dükanlarynyň, şeýle hem seýilgäh zolaklarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi tamamlanyp barýan 2022-nji ýylymyzyň taryhy wakalarynyň birine öwrüldi. Şol gün agzybir maşgalalaryň ençemesi täze öýlerinde jaý toýlaryny uludan toýladylar. Açylyş dabarasynda ýerine ýetirilen sungat ussatlarynyň, folklor tans toparlarynyň çykyşlary, joşgunly aýdym- sazlar, milli däp-dessurlar oňa gatnaşyjylaryň toý şatlygyny goşalandyrdy. Toplumyň çägin- de ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, 160 orunlyk çagalar bagy, häzirki zaman kompýuter enjamlary, multemedia enjamlary ornaşdyrylan 320 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdep we seýilgäh zolaklary döredildi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz Döwlet maslahatynda eden taryhy çykyşynda: «Hususy pudak üçin hem döwletimiz ähli şertleri döredýär. Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar» diýip belledi.
Häzirki wagtda türkmen hususyýetçileri gök-bakja, azyk we miwe önümlerini, gurluşyk harytlaryny, başga-da ençeme önümleri öndürip, ýurdumyzda bazar bolçulygyny kemala getirmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu günki gün halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply önümlerimiz diňe bir içerki bazarlarymyzda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly islegden peýdalanýar.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, telekeçilere maliýe serişdelerini bölüp bermek işleri alnyp barylýar. Hususy pudak diňe bir önüm öndürmek bilen çäklenmän, eýsem, paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda dürli binadyr desgalaryň gurluşygyny hem batly depginlerde alyp barýar. Bu aýdylanlara mysal edip paýtagtymyzyň gözel künjeginde peýda bolan Gurtly ýaşaýyş toplumyny bellemek bolar. Bu toplumyň gurluşygy «Altyn», «Gujurly binagär» hojalyk jemgyýetleri ýaly Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan amala aşyryldy. Döwrüň häzirki zaman inženerçilik esaslarynda türkmen telekeçileri tarapyndan alnyp barylýan gurluşyklarda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini üpjün etmek baş maksat bolup durýar. Ine, özüniň döwrebap keşbi arkaly paýtagtymyzyň ajaýyp gözelligi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýän Gurtly ýaşaýyş toplumy hem bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Onuň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy toýuň şowhunyny has-da artdyrdy.
Bu günki gün dünýäniň ösen we ýaşa mak üçin has amatly şäherleriniň hataryndaky mynasyp ornuny barha pugtalandyrýan paýtagtymyzda Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda şeýle döwrebap ýaşaýyş we medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň açylmagy halkymyz üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda beýik işleri alyp barýan, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, durmuşa geçirýän belent maksatlary hemişe rowaçlyklara beslensin.
Setdarow Setdar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary.