Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY

Toýlary toýlara ulaşýan türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda guwançly senä – Garaşsyz döwletimiziň baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygyna barýar. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde şu abraýly gurama agza 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy” hakynda Kararnama kabul edildi. Şu taryhy wakadan 20 ýyla golaý wagt geçenden soň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde ýokarda ady agzalan Kararnama ikinji gezek 193 döwletiň goldamagynda kabul edildi. Munuň özi Garaşsyz Türkmenistanymyzyň bütin dünýäde ykrar edilen baky Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygynyň, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň daşary syýasatyň baş ýörelgesi döwletimiziň Konstitusiýasynyň binýatlyk düzgünlerine esaslanýar. Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasaty içeri syýasatynyň parasatly dowamy bolup durýar we özygtyýarly döwletiň aýrylmaz hukuklaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde döwletimiziň öz üstüne meýletin kabul eden hemişelik oňyn Bitaraplygynyň halkara hukuk derejesi bilen kesgitlenilýär. Netijede Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy wezipeleri, ilkinji nobatda, döwlet özygtyýarlylygyny gorap saklamak we pugtalandyrmak, halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda oňyn täsiriniň we ähmiýetini üpjün etmek bolup durýar. Şeýle hem döwletimiziň içerki ösüşi üçin mümkin boldugyça amatly şertleri döretmekdir. Garaşsyz Türkmenistanymyzyň milli bähbitlerini diplomatik gatnaşyklaryň halkara tejribesinde toplanylan ähli görnüşlerde goramak we durmuşa geçirmek hem wajyp wezipeleriň biridir. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň howpsuzlygyny syýasy, diplomatik serişdeler bilen üpjün edip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen iş bähbitli birek-birege peýdaly hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk we birek-birege sarpa goýmak esasynda ösdürmek ýene bir esasy wezipeleriň biridir. Onsoňam, Türkmenistanyň daşary syýasat babatdaky hereketleriniň halkara hukugyna we BMG-niň Tertipnamasyna doly laýyk gelmegini üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Halkara hukugyndaky kesgitlemelere laýyklykda Garaşsyz Türkmenistanymyzyň Bitaraplygy aslyýeti boýunça ykrar edilendir. Munuň özi, ýokarda ýatlaýşymyz ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky “Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy” hakynda Kararnamalary we beýleki resminamalar bilen tassyklanylýar. Bitaraplygymyz görnüşi boýunça hemişelikdir. Has takygy, ol wagt bilen çäklendirilmeýär. Mazmuny boýunça bolsa, oňyn ýa-da işi bähbitlidir. Munuň özi parahatçylygyň, we durnuklylygy goldamagyň, döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy, halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmagyň meselelerinde döwletiň işjeň çemeleşmegini aňladýar. Şol bir wagtda Bitarap Türkmenistanymyz özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň ähli görnüşleri üçin açykdyr. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyryp, döwletleriň arasynda deňhukukly hyzmatdaşlygyň has-da ösdürmeginde uly ähmiýete eýe bolýar. Çünki, bu syýasat parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň syýasatydyr.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty rowaç alýar. Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygynyň uly toýunyň golaý gelýän günlerinde bu hakykata has doly göz ýetirýäris. Şanly senä welaýatymyzyň telekeçileri hem mynasyp zähmet sowgatly barmagy maksat edinýärler. Şu günler Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri giň gerime eýe bolup, baky Bitaraplygymyzyň waspy ýetirilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary Myratgeldi Annaöwezow