Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Jemgyýetçilik guramalarda: “Täze derejä göterilýär”

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat bölüminiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny wagyz etmek maksady bilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmegiň zerurlygy we öňde durýan wezipeler» diýen mowzugda maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Konstitusion toparyň mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler we öňde goýlan wezipeler barada durup geçdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça milli Liderimiziň öňe süren başlangyjynyň goldanylýandygy buýsanç bilen bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkyň ykbalyna oňyn täsir edýän asylly teklipleriň öňe sürlüp, olar barada anyk çözgütleriň kabul edilmegi bedew bady bilen ösýän türkmen döwletini belent sepgitlere ýetirýär, onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. Konstitusiýada döwletiň esasywezipeleri bilen birlikde adam we raýat üçin zerur bolan hukuklaryň we borçlaryň toplumy beýan edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyzlygyň, özygtyýarlylygyň, hemişelik Bitaraplygyň hukuk binýady bolmak bilen, türkmen halkynyň arzuwlan berkarar döwletiniň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň gözbaşynda durýar.

Dabaraly maslahatda telekeçiler Türkmenistanyň Konstitusiýasyna giriziljek üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde ornunyň uly boljakdygyny bellediler.

G.Ataşowa