Milli medeniýetimizi, ene dilimizi, nusgawy edebiýatymyzy, geçmiş mirasymyzy öwrenmäge Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary gymmatly hazyna bolup durýar. Çünki Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmen diliniň, edebiýatynyň baýlyklaryny özünde jemleýär. Halkymyz, şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy durmuşyň dürli taraplary barada ajaýyp şygyrlary döretmek bilen, baý edebi mirasy galdyrdy. Dana şahyrymyzyň arzuwlan berkarar döwletinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, ykdysadyýeti, ylymy, medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ilatyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmäge ähli şertler döredilýär.
Dünýä medeniýetiniň nusgawy genji-hazynasynda mynasyp orun alan Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hem-de pelsepewi garaýyşlary, jebislik, sahawatlylyk, watansöýüjilik, edep-terbiýe hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, ýaş nesliň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýip, milli döwletlilik, agzybirlik, parahatçylyk, abadançylyk babatdaky eden arzuwlary bu günki gün doly hasyl boldy. Halkyň agzybirligini we parahat durmuşyny hem-de jemgyýetiň bitewiligini üpjün edýän berkarar döwlet, Watanyň erkinligi, asudalygy, halkyň abadan durmuşy hakynda arzuw eden şahyryň goşgulary ruhy-ahlak ýörelgeleriň gymmatly hazynasyna öwrülip, häzirki zaman jemgyýetiniň, nesilleriň ruhy taýdan kämilleşmegine, olaryň ahlak sagdynlygyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen ýaşlarynyň bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly, zähmetsöýer, watansöýüji, arassa ahlakly bolup ýetişmeklerinde şahyryň öwüt-nesihata ýugrulan şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Şahyr halkyň asyrlaryň dowamynda adamkärçilik, edep-terbiýe, görüm-görelde babatda toplan baý tejribesini giňden peýdalanmak bilen, olary döwrüň talaplaryna laýyklykda timarlapdyr, tertibe salypdyr, şeýle hem olary ösdüripdir, baýlaşdyrypdyr. Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry, filosofy, başarjaň wesýetçi, terbiýeçisi Magtymgulynyň döredijiliginiň agramly bölegi nesillerden-nesillere ýetirilmek bilen, ynsanlaryň kalbyna ornaşyp, Garaşsyz hem baky Bitarap döwletimiziň gülläp ösmegine, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim-terbiýe alýan ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge özboluşly ýol görkeziji bolup çykyş edýär. Şahyryň ömri, durmuşy, onuň ýaşan döwri, döredijiligi hakynda ençeme ylmy işler ýazyldy, kitaplar çap edildi. Alymlar şahyryň goşgularyna ýüzlenip, şol goşgular esasynda öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy diňe bir çeper eserlerdir ylmy işlerde däl-de eýsem şekillendiriş sungatynda hem öz mynasyp ornuny tapdy. Hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip belleýär. Bu bolsa türkmen akyldaryna goýulýan uly hormatyň aýdyň nyşanydyr.
Ylym-bilim öwrenmek, milli mirasymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýäde dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň hemişe aman bolmagyny arzuw edýäris.
Agahan Gurdow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň başlygy.