Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

MASLAHATLY HALK RYSGAL DÖWLETLI HALK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ugurlarynda ägirt uly ösüşleri, öňegidişlikleri gazanýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleri halkara giňişliginde dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrýan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän abraýly ornuny has-da beýgeltdi.

Milli ýol-ýörelgäni, türkmençilige mahsus häsiýetleri döwlet syýasatynda esasy binýatlyga öwürmegi başaran Gahryman Arkadagymyzam, Arkadagly Gahryman Serdarymyzam milliligi diňe döwletiň özenine däl, biziň aňymyza-ruhumyza siňdirýär. Biziň döwlet dolanşygymyzyň, döwlet gurluşymyzyň milli ýörelgelere esaslanýandygy, ýagny döwletde, döwletiň syýasatynda halka we onuň bähbitlerine aýratyn orun berilýändigi baradaky hakykata ünsi çekesim gelýär. Munuň özi, belent derejelere ýetmegiň esasy guraly bolan agzybirlik düşünjesi bilen berk baglanyşyklydyr. Raýatlaryň kanuny-hukuk ýagdaýlaryny goramak, ýaşaýyş derejelerini gowulandyrmak, bähbitleri bir maksada öwürmek, syýasy-ykdysady ösüşi gazanmakda raýatlary watansöýüjilik ruhunda päk zähmet çekmäge çagyrmak ýaly işlerde Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriniň agzalarynyň agzybirlikli zähmetlerine uly ynam bildirýär, ýokary baha berýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli tutumlarynda, ilki bilen, adamyň bähbidi, onuň durmuş taýdan goraglylygy hem-de döwletiň ykdysady ösüşi, jemgyýetiň howpsuzlygy möhüm orun alýar. Türkmenistanda döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny giňeltmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini görkezýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini kadaly alyp barmak üçin onuň hemişelik hereket edýän Prezidiumynyň döredilmegi we düzüminiň kesgitlenmegi aýratyn ähmiýetlidir. Prezidium Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine taýýarlyk görmek boýunça işi guraýar, onuň mejlisleriniň gün tertibiniň taslamasyna meseleleri girizmek hakynda çözgütleri kabul edýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatyny çagyrmak we geçirmek bilen baglanyşykly öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözýär. Türkmenler «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Bu barada: Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, welaýat şäher we etrap halk maslahatlarynyň Türkmenistanyň Halk maslahaty, Türkmenistanyň mejlisi bilen her bir işi maslahatlaşyp çözmelidigini nygtap aýtýar. Milli parlamentiň deputatlary jemgyýetimiziň durmuşynyň, ondaky wakalaryň  jümmüşinde bolmalydyrlar, döwlet häkimiýetiň ýerli edaralarynda bolup, ýygy-ýygydan duşuşmaly we gürrüňdeş bolmalydyrlar diýip Gahryman Arkadagymyz belleýär.  «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda beýan edilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen döredildi. 

Häzirki ösen döwrüň belentliginden seljereňde, Halk Maslahatynyň Garaşsyz döwletiň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik, medeni, aňyýet taýdan kemala gelmeginde, berkemeginde we kämil ýola düşmeginde esasy sütünleriň biri bolandygyna aň ýetirmek bolýar. Dürli ýyllarda Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty diýen hukuk derejeleri bilen hereket eden bu umumymilli maslahatyň jemgyýetdäki orny syýasaty öwreniş, sosiologiýa ylymlarynda giňden öwrenilmäge mynasyp ugur bolup, ol döwlet bilen halkyň bitewiliginiň kepili, ösüşleri döwürlere görä tapgyrlaýyn alyp gitmegiň badalgasy hökmünde taryha girdi, halkyň durmuşuna ornaşdy.

Türkmenistan bu günki gün bütin dünýäde çalt depginde ösýän, hemmetaraplaýyn üpjün kuwwatly döwlet hasaplanýar. Biziň döwletimiziň esasy baýlygy, güýç-kuwwaty halkymyzyň agzybirligidir zähmetsöýerligidir, berkarar döwletine, milli Liderine Arkadagly Gahryman Serdaryna beýik ynamydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa döwlet bilen halkyň arasyndaky jebisligi pugtalandyrýan mizemez köprüdir.

Günler, aýlar, ýyllar diňe ösüşleri, üstünlikleri getirýär. Döwüler durmuşymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty, bitirýän beýik işleri, dünýäniň ünsüne ýetirýän ynsanperwer başlangyçlary diňe türkmen halkynyň däl, goňşy halklaryň, dünýä halklarynyň kalbynda parahat, aýdyň gelejege umyt ynam döredýär.

Goý, bu umyt-arzuwlar milletimizi ýeňişli menzillere ýetirsin! Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýäris.

Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Bereket etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.