Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

1-NJI SENTÝABR BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI

Türkmenistanda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artýar, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmek ugrunda zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ägirt uly ylmy mümkinçilikleri bolan giň dünýägaraýyşly we täzeçil tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksada okgunly, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ähli zerur tagallalar edilýär.

Her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berildi. Bilim ojaklarynda kakylan ilkinji jaňlar täze 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlady. Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir.

1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe biziň ýurdumyzda 2007-nji ýyldan başlap, Talyp ýaşlar güni hem goşulyp, bu şanly senäniň dabarasy has-da ýaýbaňlandyryldy. Bu ajaýyp baýramçylyk 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje giren Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 81-nji maddasynda-da “Bilimler we talyp ýaşlar güni” görnüşinde öz beýanyny tapýar. Bu şanly sene biziň ýurdumyzda “Bilimler we talyp ýaşlar güni”, halkara derejesinde bolsa “Bilimler güni” ady bilen dabaralandyrylýan özboluşly bir baýramçylykdyr. Ylym-bilim rowaçlyklaryň açary, röwşen geljegiň binýady hasaplanýar. Şonuň üçin bu ulgamy ösdürmäge örän uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriň sanynyň artmagy, olara okuwa kabul edilýän talyplaryň sanynyň bolsa ýylsaýyn köpeldilmegi muňa aýdyň mysaldyr. 

Häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwletimizde türkmen halkynyň iň ýokary gymmatlyklarydyr dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýar. Şonuň üçin hem bu günki gün Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan bilim syýasatyna aýratyn uly üns berilýär. 

Berkarar Watanymyz Türkmenistan beýik ösüşleri amal etmekde ýola goýulýan parasatly döwlet syýasaty bilen halkara bileleşiginiň ünsüni özüne çekmegi başardy. Ýaş nesiller milli Liderimiziň parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde gazanylýan beýik ösüşlere çäksiz buýsanýarlar hem-de eşretli durmuşda ýaşaýandygy üçin özlerini iňňän bagtly, bagtyýar duýýarlar.

Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly «Bilim almak, hünär öwrenmek, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmek halkymyzyň gadymdan gelýän nusgalyk milli ýörelgesidir». Şol ýörelgeden ugur alnyp, ýaş nesle döwrebap bilim bermek üçin ähli şertler döredilýär. Munuň üçin bagtyýar nesillerimiziň Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygynyň çägi ýokdur. Türkmenistanyň bilim syýasaty ýokarda agzalan ýörelgeleri gyşarnyksyz netijeli durmuşa geçirmek arkaly milli bilim ulgamynyň ýokary ösüşe eýe bolmagyny üpjün edýär. 

Bu ösüşler, elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirýän bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeler bilen şertlendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, giň gerimli bilim özgertmeleri dowam etdirilýär. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýaşlar saýlap alan hünäri boýunça degişli maglumatlary islendik wagtda alyp peýdalanýarlar. Sanly bilim serişdeleriniň okuw-terbiýeçilik işlerine işjeň ornaşdyrylmagy her bir talybyň öwrenýän derslerini, okuw maksatnamalarynyň talaplaryna laýyklykda, özbaşdak özleşdirmegi üçin amatly şert döredýär. Gözel Diýarymyzyň ertirki eýeleri boljak ýaş nesiller ýurduň ösüş binýadyny berkitmekde hem-de Watanymyzyň öňdebaryjy dünýä döwletleriniň hataryndaky ornuny müdimilik saklamagyny gazanmakda alnyp barylýan bimöçber işlere özleriniň goşantlaryny goşýarlar. 

Ýurduň ösüşi we döredijiligiň ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmegini üpjün etmäge gönükdirilen bu möhüm resminama jemgyýetiň ösüşini şertlendirýär. Çünki ylym-bilim ulgamyny belent sepgitlere ýetirmek hem-de ylymyň dürli ugurlaryndan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlary, ussat hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek döwletiň hemmetaraplaýyn ösüş binýadyny gurýar. Şu nukdaýnazardan hem, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylym-bilime erk edip bilmeklerini gazanmak üçin ençeme mümkinçilikler we oňyn şertler döredilýär. 

Ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirip, ony durmuşymyza giňden ornaşdyrmak babatynda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Akbäbek Gulesenowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.