Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

DÖWLETLI MASLAHATA TAÝÝARLYK

Ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi, içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler we jemgyýetimiziň abadançylygy täze taryhy döwürde belent maskatlarymyzyň myradyna gowuşýandygyna şaýatlyk edýär. Her bir güni şanly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda bu hakykat has-da aýdyň duýulýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji iýulda kabul eden Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan umumymilli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.

Şanly baýramyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň özygtyýarly ösüş ýolunda ýeten sepgitleriniň, gazanylan uly ýeten üstünliklerniň, bitirilen tutumly işleriň jemleri jemlener hem-de has belent maksatlara ýetmek üçin täze wezipeler kesgitleniler. Munuň özi «Geňeşli il salamat», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen pähimleri döreden parasatly ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň, döwleti we jemgyýeti dolandyrmakda döreden tejribeleriniň täze taryhy döwürde mynasyp dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň netijeli gurluşy kemala geldi. Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda başy başlanan giň gerimli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Bu gün syýasy taýdan durnukly we agzybir jemgyýetimiz öňde goýlan maksatlara tarap ynamly barýar. Şonuň esasynda-da, syýasy, ykdysady we durmuş ugurlarda sazlaşykly ösüşler gazanylýar.

Halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, halkyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahaty möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Döwlet berkararlygynyň binýadyny berkitmek, hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, raýat jemgyýetini ösdürmek, döwlet bilen raýatlaryň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary üpjün etmek eziz Diýarymyzy galkyndyrmakda wajyp wezipeleriň hataryna girýär. Esasy Kanunymyza laýyklykda, halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolup durýan Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen bilelikde ýerlerde döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hereket edýär. Olar bu ugurda jemgyýetçilik guramalarydyr syýasy partiýalar bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görýär. Häzirki günlerde paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki hususy kärhanalarda, hojalyk jemgyýetlerinde zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň arasynda yzygiderli esasda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçileri goldamak, hususy pudagy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryndan ugur alnyp, halk bilen döwletiň bähbitleriniň bitewüligi eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul ediljek döwletli çözgütler  hem halkymyzyň ýagty geljegine uzaýan röwşen ýolumyza şugla saçar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap uly ynam bilen öňe barýar. Il-ýurt bähbitli özgertmeleri rowaçlyklara besläp, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli belent işleri rowaçlyklara beslensin.

Atajan Atajanow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.