Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taglymat esaslary, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň many-mazmuny, bazar ykdysadyýetini, hususy ulgamy ösdürmekdäki orny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde giňişleýin beýan edilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bagtymyza ýagty Gün bolup dogan Garaşsyzlygymyz türkmen halky üçin altyn eýýamyň gapysyny açdy, Türkmenistany hemişelik Bitaraplygyň mekanyna öwürdi. Bu dünýäde ykrar edilen hakykatdyr. Mundan 33 ýyl ozal — 1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny gazandy hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Şol taryhy günden başlap, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny özbaşdak kesgitläp, okgunly ösýän ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, dünýä bileleşiginde uly abraýdan peýdalanýan demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyryldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda berkararlygyň hem-de bagtyýarlygyň röwşen ýoly bilen öňe barýan Diýarymyzda hususy pudakda gazanylýan üstünliklerdir ösüşler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna mynasyp sowgatdyr. Türkmen telekeçileri bu tutumly toýa döwrebap binalardyr desgalary ulanmaga bermek ýaly asylly işler, döwletli başlangyçlar bilen barýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döwrümiziň belent maksatlaryna ýetmekde, döwletiň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýar» diýip belleýär. Şu ýylyň geçen alty aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi 112,1 göterime, senagat önümçiliginiň ösüşi bolsa 103,2 göterime barabar boldy. Söwda boýunça haryt dolanyşygynyň ösüşi üpjün edildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýerli hususyýetçilerimiziň durmuşynda ençeme şanly wakalara beslenýär. Şu ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda işewürlik merkezli we ýerasty awtogoýalgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi, Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde «Derkar» söwda merkezi, Mary welaýatynyň Mary etrabynda «Täze Aý» haryt nyşanly et, şöhlat we ýarym taýýar önümleri öndürýän kärhananyň innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan gassaphana toplumy, Wekilbazar etrabynda «Berk önüm» hususy kärhanasynyň poliefir we polipropilen süýümini öndürýän kärhanasy, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda geçidarçylyk hojalygy, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginde mineral we sintetik ýag öndürýän zawod açylyp ulanmaga berildi. 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy, 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda birbada edara ediş we söwda maksatly binalaryň 8-siniň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Häzirki wagtda gurluşykçy telekeçileriň Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynyň gurluşygynda yhlasly zähmet çekýändikleri, olara şeýle iri taslamalary durmuşa geçirmegiň ynanylýandygy hem guwandyryjydyr.
Geljekde jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek üçin belent maksatlardan ugur alnyp, möhüm wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda Garaşsyzlyk diýmegiň mertebäňi duýmak we mertebäňi ykrar etdirmek diýmekdigi, öz geçmişiňe, öz taryhyňa, öz milletlik derejäňe düşünmekdigi we bulary hemmelere düşündirmegi başarmakdygy bellenilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen telekeçileriniň galkynyşlarynyň gözbaşydyr. Hususyýetçiler döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarlar.
Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.