Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

HALK MASLAHATY HALKYMYZYŇ ERK-ISLEGINIŇ AÝDYŇ BEÝANYDYR

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ugurlarynda ägirt uly ösüşleri, öňegidişlikleri gazanýar. «Garaşsyz ösüşimiziň häzirki tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik we adalatly jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek, adam hakyndaky aladany, il-ýurt bähbitlerini ileri tutmak bilen, biz Türkmenistany ynamly öňe alyp barýarys» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ajaýyp zamanamyzda uly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň güwäsi bolup dabaralanýar. 

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistan döwletimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş-medeni ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler bilen garşylamaga taýýarlyk görýär.

«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda düýpli maýa goýumlaryň üstünlikli özleşdirilmegi netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini öňküdenem gowulandyrmaga gönükdirilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. 

Ýylyň geçen döwründe Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň meýilnama esasynda ýokary depginlerde alnyp barylmagy, ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň artdyrylmagy, pudaklara sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä ýüzünde giňden bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda ýene-de bir şanly waka bolup geçer. 

Mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda — 24-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul ediljek taryhy çözgütler ajaýyp zamanamyzda ýokary depginde amala aşyrylýan beýik işleriň mynasyp dowamy boljak uly tutumlaryň täze tapgyrynyň özboluşly badalgasyna öwrüler. Halk Maslahaty halkymyzyň erk-isleginiň aýdyň beýanydyr. Ol Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan beýik işleriň we hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň uly goldawa eýe bolýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezer. 

Biz hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň agzybir işgärleri Türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, halkymyzyň abadançylygyny, döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljak bu döwletli maslahata taýýarlyk görmek boýunça telekeçileriň, hususyýetçileriň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat çärelerini geçirýär.

Goý, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, Watanymyzyň barha gülläp ösmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolup, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri has-da rowaç alsyn!

Ýagmyr Ödäýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.