Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ DÖWRI

Täze taryhy döwürde eziz Di­ýa­ry­myz be­ýik ösüş­ler gazan­ýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zy gül­le­dip ös­dür­mek hem-de hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar durmuş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mek ug­run­da tä­ze we­zi­pe­ler, be­lent mak­sat­lar go­ýul­ýar. Baş baý­ra­mymy­zyň – mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gymy­zyň 33 ýyl­lyk to­ýu­nyň öňü­sy­rasyn­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si hem ge­çen dö­wür­de ga­za­ny­lan üs­tünlik­le­re ba­ha ber­mek we röw­şen gel­je­ge uza­ýan ýo­lu­myz­da­ky tä­ze mak­sat­la­ry­my­zy kes­git­le­mek­de uly ähmiýetli waka bolar.

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hormatly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da do­wam et­di­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­myz­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy, me­de­ni taýdan kuw­wat­lan­ma­gy, hal­kymy­zyň eş­ret­li, asu­da, aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da asyr­la­ra ba­ra­bar iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Bu üs­tün­lik­ler ama­la aşy­ry­lan çuň­ňur oý­lany­şyk­ly öz­gert­me­le­riň aja­ýyp mi­we­le­ri­dir. Özyg­ty­ýar­ly ösüş ýo­lun­da ge­çi­len ta­ry­hy men­zil­de sport ul­ga­myn­da-da uly üs­tün­lik­ler ga­za­ny­lyp, jem­gy­ýe­ti­miz­de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sagal­dyş he­re­ke­ti ro­waç­lyk­la­ra bes­len­di. Ta­ryh üçin örän gys­ga dö­wür­de ul­ga­myň ka­nun­çylyk bin­ýa­dy berk­den tu­tu­lyp, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän hä­zir­ki za­man sport dü­züm­leri­ni dö­ret­mek üçin uly ma­ýa go­ýum­lar öz­leş­di­ril­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da ösen sport ul­ga­my ke­ma­la gel­di. Ýoka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ri­len iri hal­ka­ra ýa­ryş­lar, dün­ýä çem­pio­nat­la­ry dost-dogan­ly­gy, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, jem­gy­ýe­timi­ze be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni iş­jeň or­naş­dyr­ma­ga, ýur­du­myzyň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­ny belen­de gö­ter­mä­ge ýar­dam et­di. 2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň, 2018-nji ýyl­da Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň hem-de «Amul – Ha­zar» hal­ka­ra awtoral­li­si­niň, 2023-nji ýyl­da Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi türk­men spor­tunyň ta­ry­hy­na al­tyn sa­hy­pa­la­ry ýaz­dy. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň döwlet­li­lik ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ge­çi­ril­me­gi asyl­ly dä­be öw­rü­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­haty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de kabul edil­jek çöz­güt­ler­dir ka­rar­lar hal­ky­my­zyň şu gün­ki we geljek­ki dur­mu­şy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­ti­rip, döw­let ber­ka­rar­ly­gy­myzyň esas­la­ry­ny has-da ber­kitmä­ge ýar­dam eder. Hal­ky­my­zy eş­ret­li dur­muş­da ýa­şad­ýan, Wa­ta­ny­my­zy ro­waç­ly­gyň meka­ny­na öwür­ýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janla­ry sag, ömür­le­ri uzak, tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Şemşat Baýramgeldiýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň müdiri.