Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Gurýan döwlet gurpludyr

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz yhlas-tagallalaryndan kemala gelen Arkadag şäheri eziz Watanymyzyň gülläp ösüşiniň nyşanyna öwrülen nusgalyk şäherdir. Sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap şä- herde sanly we «akylly» tehnologiýalar esasynda adamlaryň ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin iň gowy ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegi ýurdumyzyň ykdy sady kuwwatyny, ylmy tehniki ösüşini äşgär edýär, Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalara esaslanýan giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga ukyplydygyny görkezýär.

Arkadag şäheriniň milli şäher gurluşygyň merjenine, şäher düzümini toplumlaýyn ösdürmäge jogapkärli çemeleşmäniň ajaýyp nusgasyna öwrülendigi aýdyň hakykatdyr. Şeýle üstünliklere gurluşyk pudagynda netijeli iş alyp barýan ýerli hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleriniň hem mynasyp goşandyny goşýandygy örän begendirýär. Munuň özi türkmen işewürleriniň iri şäher gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmakda baý tejribe toplandygyna şaýatlyk edýär.

«Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 28-nji iýunynda — Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl bolmagynyň öňüsyrasynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň bagtyýar raýatlarymyzyň hal ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda degişli binalary we desgalary gurmak hakynda Karara gol çekmegi buý sanjymyzy goşalandyrdy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052 nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Arkadag şäheriniň binagärlik şä her gurluşyk keşbini has da gözelleşdirmek maksady bilen gol çekilen resminama laýyk-lykda, degişli edara kärhanalara binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berilmegi türkmen işewürlerine bildirilýän uly ynamyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Ulgam gurluşyk», «Kent gurluşyk», «Türkmen bina gurluşyk», «Ajaýyp bina», «Döwlet Gurluşyk», «Kerwen Gurluşyk» hojalyk jemgyýetlerine hem de «Gudrat gurluşyk», «Mukaddes gün», «Ýaňykent», «Aga Gurluşyk» hususy kärhanalaryna döwrebap şäheriň durmuş we ykdysady maksatly desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň ynanylmagy türkmen telekeçilerini täze üstünliklere ruhlandyrdy. Bu desgalaryňdyr ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli gurluşyk düzümlerimiziň tejribesiniň has-da artmagyna ýardam eder.

Türkmen telekeçilerine tutanýerli zähmeti bi­len ýurdumyzyň gülläp ösüşine mynasyp goşant goşmaga giň şert-mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.