Türkmen halkynyň öran gadymdan gelýän milli baýlygy-medeniýeti bar. Demirçi ussalary, zergärleri, küýzegärleri, halyçylary, binagärleri heýkeltaraşlary özünde jemleýän türkmen senedimiz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip, bu günki gün milli ruhy dünýämiziň özenini düzýär. Türkmen milli şaý-sepleri bolsa özboluşly ýasalyş tilsimleri, nepis gözelligi, aňrybaş kämilligi bilen görenleri haýrana goýýar. Olar müňýyllyklardan bäri gözelligini ýitirmän, sungat derejesinde iň bir naýbaşy eser bolmagynda galýar. Türkmen halkynyň amaly-haşam sungaty baý we köpdürlüdir. Olar halydyr haly önümleriniň dürli görnüşlerinden başga-da keçe nagyşlaryny, bejergili donlary, tahýalary we zergärçilik önümlerini, aýal-gyzlaryň bezeg şaý-seplerini, at esbaplaryny öz içine alýar. Olar halkyň ýaşaýyş-durmuşynda öz beýanyny tapypdyr. Halk amaly-haşam sungatynyň içinde has baýlaşany we öseni halyçylyk senedidir. Ol irki döwürlerden bäri dünýä meşhur bolmak bilen, şöhratyny häzire çenli hem saklap gelýär. Bäş müňýyllyk geçmişimizde halkymyzyň iň gadymy sungaty hökmünde türkmen halysynyň nusgalyk görnüşleri onuň belent şöhratyndan habar berýär. Gündogaryň amaly-haşam sungaty barada söhbet açylsa, ilkinji nobatda türkmen halk amaly-haşam sungaty juda köp görnüşli bolup, onuň köp asyrlyk taryhy bar. Türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynda ýaşaýyş hem-de durmuş şertleri doly derejede öz beýanyny tapypdyr. Onda halkymyzyň taryhyny, geçmişini, arzuw-hyýalyny okamak mümkin. Türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň iň naýbaşysy bolsa haly hem-de haly önümleri bolupdyr. Halyçylyk senedi halkymyzyň ykbalyna öwrülip, onuň milligini äleme ýaýan milli mirasymyzyň biridir. Türkmen halkynyň taryhy menziller içindäki ýaşaýyş durmuşyny, ynançlaryny, däp-dessuryny öwrendigiňçe, türkmen halysynyň ýagdaýydygyna, taryhyna göz ýetirýärsiň. Ene-mamalarymyzyň çeper elleriniň gudraty bilen sünnälenip dokalan halylarynyň her bir öýdüminde eziz Watanymyza çäksiz söýgüniň beýany ýatyr. Türkmen zenanynyň arzuw-umytlary siňen bu milli senedi dokamak, göräýmäge ýönekeý zat ýaly emma beýle-däl. Iňňe bilen guýy gazýan ýaly irginsiz zähmeti talap edýän haly sungatynyň döremeginde zenanlarymyzyň çeperligini, sabyr-takatlylygyny, kanagatlylygyny görmek bolýar. Türkmen halylarynyň gölleriniň öwüşgininde türkmen gelin-gyzlarymyzyň çäksiz ussatlygy görünýär. Halyçy zenanlar şol keremli nagyşlara öz halkynyň taryhyny, göwün arzuw-hyýallaryny siňdirip bilipdirler. Synçylyk bilen ajaýyp milli nagyşlary oýlap tapan zenanlarymyz haýsy reňkiň gözellerimiziň güýjüne güýç goşýandygyna, haýsynyň bolsa, durmuş hysyrdylarynyň döreden argynlygyny aýryp, diňe bir gözlere däl, eýsem, bütin durkuňda ýaşaýşa bolan söýgüni döredýändigine anyk göz ýetiripdirler. Al-elwan güllere meňzeýän türkmen halysynyň berkliginiň syry onuň tebigylygydyr. Däp-dessurlaryny, milli gymmatlyklaryny gözüniň göreji ýaly ezizlän ene-mamalarymyz ir döwürlerde hem halyny satmak üçin däl-de, durmuş hajaty üçin dokapdyrlar. Türkmen törüniň düşegi, toýunyň bezegi, çuwal torbasy, kitap, dutar gaplary haly-palasdan dokalandyr. Ýedi hazynanyň biri bolan haly gymmat bahaly emläk hasaplanypdyr, ol häzirem şeýle. Haly bolmadyk ýekeje-de türkmen öýi ýokdur. “Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz” diýip, ata-babalarymyz örän jaýdar aýdypdyrlar. Gadymy milli senedimize öwüşgin çaýýan çeper eli halyçy gelin-gyzlarymyzyň yhlasyndan döreýän nepis halylary bu gün görmäge göz gerek. Gelin-gyzlarymyz her döwürde-de el işlerini nusgalyk derejede sünnälemegi başarypdyrlar. On barmagynyň hünäriniň, ýagşy niýetleriniň, çekýän zähmetleriniň şirin miwesini-de göripdirler. Şeýdibem, el hünärini nesilden nesile geçirip, dowam etdiripdirler. Asyrlar aşyp, ýyllar geçdigiçe, olar täze öwüşginlere beslenip, has-da kämilleşdirilipdir. Haly dokamak däbi asyrlaryň dowamynda timarlanypdyr, kämilleşipdir. Haly dokamagyň tehniki taýdan kämilligi we nagyşlaryň çeperligi, inçeligi, öwüşgininiň ýitiligi hem-de çuňňurlygy ony türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşleriniň içinde birinji hatarda goýýar haly önümçiligini has-da kämilleşdirmek, onuň dokalyşyny artdyrmak ýurt Garaşsyzlygy gazanylandan soňra uly ösüşlere eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halyçylar barada uly alada edilýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren, haly sungatynyň geçmişini, şu gününi we geljegini şöhlelendirýän “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplary hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ençeme ýerinde çeper halyçylyk kärhanalaryny gurulup ulanylmaga berilýär, dokmaçy gelin-gyzlarymyzyň şol sanda telekeçi halyçylarymyzyň sany barha artýar. Gözellik dünýäsi bolan milli halyçylyk sungatyna, milli mirasymyza uly hormat goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, belent başlary aman, işleri rowaç bolsun!
Akbäbek Gulesenowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň jogapkär işgäri.