Türkmen halkynyň Milli Lideri
Gurbanguly Berdimuhamedow:
– Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşlerden-ösüşlere tarap bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmäge, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligi bilen içgin tanyşmaga uly mümkinçilikler döredilýär. 2024-nji ýyly halkymyzdan gelip gowşan teklipler esasynda Gündogaryň beýik akyldary türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy bilen baglanyşdyrylmagy bolsa beýik şahyra goýulýan hormatyň belentdigine güwä geçýär. Munuň şeýledigine Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Täze ýylymyzyň adynyň akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many bar. Magtymguly Pyragynyň eserlerine ornan döwletliligiň, söz we paýhas berekediniň, ylham‑döredijiligi joşdurjak rysgal çeşmesiniň, tutuş barlyga, ýaşaýşa, ynsana mahsus gözellikleriň has kämil hem-de döwrebap röwüşde hasyl boljakdygynyň buşlugydyr. Türkmen ýaşlaryna döwletliligimiziň ýene bir sahypasyny belent üstünlikler bilen doldurmaga çagyryşdyr. Öňümizdäki bir ýylymyzy, soňra bütin ömrümizi Magtymguly bolup ýaşamaga çakylykdyr” diýip belleýär. Bu dürdäne sözler dogrudanam, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň her bir ýürekde orun alýandygyny, söz-paýhas berekediniň täsirlidigini, ähmiýetlidigini, genji-hazynadygyny açyp görkezýär.
2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi we şu ýylda nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny ulydan toýlamak baradaky Hormatly Prezidentimiziň kabul eden karary ähli türkmen halkymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Nusgawy şahyryň hormatyna gurulýan tebigy belentlikde dikilen bürünç heýkeliň beýikligi 60 metre, binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deň bolan heýkeliň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda açylmagy bolsa şahyra goýulýan hormatyň sarpanyň ýokary derejededigini aňladýar. Şeýle hem, beýik akyldaryň adyny göterýän medeni seýilgähler toplumynyň açylmagy bolsa bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.
Beýik akyldar Magtymguly atamyzyň dürdäne şygryýeti ähli halklaryň, asyl-ha, tutuş adamzadyň egsilmez hazynasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda Magtymguly Pyragynyň şan-şöhraty bütin dünýäde barha artýar, yklymlara ýaýraýar. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny ýurt derejesinde baýram edip, giňden bellemek hakynda Karara gol çekmegi tutuş halkymyzy buýsandyrdy. Bu resminamada: “Biziň ýurdumyzda nusgawy şahyryň goşgularynyň we olara döredilen aýdymlaryň ýaňlanmaýan öýi ýokdur, şeýle hem olary bilmeýän özbek tapylmasa gerek. Geçen asyrlaryň dowamynda Magtymguly halkymyzyň öz şahyryna öwrüldi” diýen sözleriň bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Dogrudanam nusgawy şahyrymyz bütin ýer ýüzünde tanalýan hormatlanýan şahyrlaryň biri bolup durýar. Onuň döredijiligi häzirki wagtda diňe türkmen halkymyz tarapyndan ürç edilip okalman eýsem dünýäniň ençeme ýurtlarynyň okyjylar köpçüligi tarapyndan öwrenilýär. Onuň goşgulary häzirki wagtda dünýäniň ençeme dillerine terjime edilen bolup durýar. Hususan-da rus, iňlis, gazak,özbek, italýan, gazak dillerine terjime edilen bolup durýar.
Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär. Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi bolsa il-halkymyzyň göwün guşyny ganatlandyrdy.
Nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň giň tematikasy bolup durýar. Onuň goşgularynda Watana bolan söýgi, sagdynlyk, edep-terbiýe, söýgi ýaly tematikalar agzalyp geçilýär. Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen şahyryň döredijiligini giňden öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle döredilýän mümkinçilikler şertler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun alyp barýan il ýurt bähbitli bütinadamzat ähmiýetli ähli başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin.
Maksat Meredow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.