Türkmen halky dünýä birnäçe gymmatlyklary beren halkdyr şol gymmatlyklaryň biri-de biziň ahalteke bedewlerimizdir. Ýyndamlygy we owadanlygy bilen älemi haýran eden meşhur behişdi bedewlerimiziň taryhyna ser salsaň, onuň şöhratly taryhynyň bardygyna göz ýetirip guwanýarsyň. Arap, Absent, Meleguş, Suşnäk, Gadam, Boýnaw, Eýeberdi, Teleke, Ýel, Akbilek, Begnazardor ýaly ajaýyp ýelden ýyndam bedewlerimiz dünýä atçylygynyň taryhynda hem müdimilik orun alan ajaýyp ahalteke bedewleridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly şan-şöhraty dünýä dolan eziz Diýarymyzda her bir günimiz toýdur baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleri ata Watanymyzda toýlarymyzyň bezegidir. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsindäki ornunyň ýokarydygyny aňladýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýyndam bedewlere bolan garaýşy, atlara goýýan sarpasy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap atçylyk-sport toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, olarda ýazky we güýzki möwsümlerde at çapyşyklarynyň geçirilmegi, welaýatymyzyň çäginde atlar üçin karantin merkeziniň bina edilmegi aýratyn guwandyryjy hakykatdyr.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän bedewlerine gadyr goýmak däplerine eýermek bilen, ahalteke bedewleriniň, türkmen atşynaslarynyň we çapyksuwarlarynyň dünýädäki şöhratyny belende götermek babatda uly tagallalar edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew” atly kitaplaryny okanymyzda hem bu hakykata göz ýetirýäris. Bu ganatly kitaplarda halkymyzyň baýlygy, köňül buýsanjy we milli mirasy hökmünde uly ähmiýete eýe bolan bedewlerimiziň geçmişdäki wepaly, ýyndam bedew atlaryň saýlama tohumlaryny hem döredipdirler. Ahalteke bedewlerimiz bu günki gün bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ösüşleriniň belent depginiň, asylly ýol-ýörelgeleriniň we mukaddes maksatlarynyň alamatyna öwrüldi.
Nesilbaşymyz Oguz han ogullaryna: “Ogullarym ! Bu meniň size iň soňky wesýetim: Nesillere hemişe şu üç zady aýamagy sargyt ediň ! Birinjisi - Watany, ikinjisi - ata-enäni, üçünjisi bolsa – aty” diýip wesýet edipdir. Bu mysal gamyşgulak bedewlerimize irki döwürlerden bäri belent sarpa goýulandygy, türkmeniň bedewini iň gymmatly baýlyklarynyň hatarynda görýändigini aňladýar. Ahalteke bedewi halkymyzyň buýsanjydyr. Munuň şeýledigine her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýän Bedew baýramy hem şaýatlyk edýär. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda ahalteke bedewlerini kemala getirmekleri, adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr. Pederlerimiz ýüz ýyllyklaryň dowamynda diňe bir gözelligine taý gelmejek behişdi aty kemala getirmän, eýsem, olarda ynamdar dost, wepalylyk, namyslylyk, mertlik ýaly häsiýetleri-de terbiýelemegi başarypdyrlar.
Türkmen halky köptaraply taryhy medeniýetiň eýesidir şolaryň arasynda şan-şöhraty dünýä dolan türkmeniň ahalteke bedewleri hem atşynaslyk sungaty mynasyp orny eýeleýär. Umumyadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde ägirt uly açyşlary eden, kämilligiň beýik nusgasyny jahana peşgeş beren türkmen halky çydamly, wepaly, ýyndam bedew atlaryň saýlama tohumlaryny hem döredipdirler. Ahalteke bedewlerimiz bu günki gün bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ösüşleriniň belent depginiň, asylly ýol-ýörelgeleriniň we mukaddes maksatlarynyň alamatyna öwrüldi.
Türkmenlerde ülkedir şäherleriň, obadyr kentleriň arasynda habarlary, hatlary, permanlary alyp gidýän “Çapar atlary”, uzak aralyklara gidýän “Menzil atlary”, baýramlarda, toýlarda we beýleki dabaralarda hyzmat edýän “Dabara atlary”, geçirilen baýramçylyklaryň at çapyşyklaryna gatnaşýan “Çapyş atlary” bolupdyr. Halkymyzyň beýik sungaty - wepadar bedewlerimiziň mertebesi bagtyýarlyk döwrümizde has-da belende göterilýär. Bu gün behişdi bedewlerimiz gözel paýtagtymyzda, welaýat merkezlerimizde bina edilen ajaýyp atçylyk toplumlarynda seýislenýär. Diňe bir atlar barada däl, eýsem, ussat seýisler, çapyksuwarlar, atşynaslar, barada hem döwlet derejesinde uly alada edilýär. Bedew keşbiniň döwlet Tugramyzda ýerleşdirilmegi halkymyzyň oňa bolan belent hormatyndan nyşandyr.
Milli Liderimiziň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eserleri milli buýsanjymyz bolan bedewlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelişi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup, türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirdi. Arkadagly Serdarymyzyň pähim-parasady netijesinde türkmen halky öz behişdi bedewi bilen bagtynyň ozandygyny, bagtyýarlyk döwründe ykbalynyň göterilendigini görkezýär. Özüniň arassalygy, eýesine wepalylygy, duýgurlygy, owadanlygy, batyrgaýlygy bilen dünýä halklarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, dünýä ýüzünde halkymyzyň parahatçylyk hem-de buýsanç tumaryna öwrülen bedew atlarymyzyň baýramçylygy gutly bolsun.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, ösdürmekde, kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!
Döwran Atabaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.