Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

GÜNBATAR SEBITDE IŞEWÜRLIK IŞJEŇLEŞÝÄR

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyny we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde türkmen telekeçileri möhüm orny eýeleýär. Çünki häzirki döwürde önümçiligiň tehniki ösüşi, sarp edijileriň islegleriniň döwrebap derejede kanagatlandyrylmagy, esasan, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň alyp barýan işleriniň netijeliligine bagly bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamy ösdürmäge berýän goldaw-hemaýatlaryndan ruhlanyp, Balkan welaýatynyň telekeçileri hem uly üstünlikleri gazanýar. Soňky 15 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda welaýat boýunça dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berlen häzirki zaman orta mekdepleriňdir çagalar baglarynyň, medeni we sport maksatly desgalaryň, dürli görnüşli önümleri, senagat harytlaryny öndürýän kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny ýerli hususy kärhanalaryň gurluşykçylarynyň ýokary hil ülňülerine laýyk derejede bina edendiklerini hem aýratyn nygtamak gerek. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň hususyýetçileri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Günbatar sebitiň şäherlerinde, obadyr şäherçelerinde gurulýan ymaratlaryň, senagat maksatly dürli desgalaryň, ýollaryň gurluşyklaryny amala aşyrmakda ussatlyk görkezdiler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Günbatar sebitde dürli senagat harytlaryny, çörek we konditer önümlerini öndürýän kärhanalaryň, miweleri, gök-bakja we et süýt önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň, bekre balygyny we onuň işbilini ýetişdirýän hem-de balygy gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanasyny we beýleki önümçilik desgalarynyň gurluşygyny ýerine ýetirdiler. Häzirki wagtda sebitde ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini öndürmek, ir-iýmişleri, gök we bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek, olary gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan, ilata dürli görnüşli hyzmatlary ýola goýýan telekeçileriň sany hem barha artýar.

Hususy pudakda gazanylýan üstünliklerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň agzalary tarapyndan alnyp barylýan wagyz-ündew işleriniň hem paýy bar. Häzirki wagtda partiýa agzalarymyzyň sany 3,5 müňden geçýär. Balkanabat şäherindäki «Giňdere», «Batly gadam», «Altyn nur zamany», «Zürýada hyzmat» hususy kärhanalarynyň, Türkmenbaşy etrabyndaky «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň we «Hazarbalyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Bereket etrabyndaky «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli 17—19-njy mart aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen sergä üstünlikli gatnaşandyklaryny hem aýratyn nygtasymyz gelýär. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda welaýatymyzdaky hususy kärhanalaryň öndürýän önümlerine daşary ýurt bazarlarynda hem islegiň barha artýandygy buýsandyrýar. Hut häzirki günlerde Balkan welaýatynyň telekeçileri beýik akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden belleniljek ýyly bolan «Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny belent sepgitlere beslemek üçin has-da gaýratly zähmet çekýärler. Türkmen telekeçileri döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna alyp barýan giň gerimli işleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Toýmämmet HAJYÝEW, TSTP-niň Balkan welaýat komileliniň başlygy.