Ylmyň we tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi bilen, adamlaryň ýaşaýyş durmuş şertleri ýeňilleşýär, dürli gurşawlarda täze mümkinçilikler döreýär. Häzirki döwürde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde sanly ulgamyň ähmiýeti artýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025 nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň döwür bilen deň gadam urup, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orun almaga ymtylýandygyny tassyk edýär.
Ýurdumyzda maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşi, ilkinji nobatda, zerur düzümleri döretmekden ugur alýar. Internet toruna elýeterliligiň ýokarlanmagy we maddy enjamlaýyn binýadyň kämilleşdirilmegi sanly taslamalary durmuşa geçirmegiň wajyp şertleridir. Şunuň bilen baglylykda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna we raýatlaryň durmuşyna maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Tehnologiýalaryň örän tiz ösýän şertlerinde ýurdumyzda raýatlaryň, aýratynda, ýaşlarymyzyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan doly baş çykaryp bilmeklerini, internetiň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaklaryny gazanmak wezipeleri üstünlikli çözülýär» diýip belleýär.
Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin jemgyýetiň, işewürligiň we dolandyryş edaralarynyň bir wagtda deň derejede sanlylaşdyrylmagy möhüm şert bolup durýar. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň depgini ýurdumyzyň täze ykdysady döwri üçin işgärleri taýýarlamak we täzeden okatmak depginleri bilen aýakdaş gitmelidir. Şoňa göräde, programmaçylar, inženerler, IT-hünärmenleri ýaly döwrebap hünär ugurlarynyň zerurlygy göz öňünde tutulyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna täze ugurlar girizilip, ýaşlary döwrüň talabyna laýyklykda taýýarlamak boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär.
Telekeçilik we işewürlik gurşawynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Sanly hyzmatlaryň, elektron söwdanyň ösdürilmegi, innowasion çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagy, önümçilige ornaşdyrylmagy döwrüň talabyndan ugur alýan zerurlyklardyr. Bu ugurlaryň ählisinde gazanylýan üstünlikler öňde goýlan wezipeleriň talabalaýyk berjaý edilýändigini tassyklaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreler ykdysadyýetde täze pudaklary, bazarlary, dolandyryş usullaryny döretmäge ýardam edýär. Maglumat - aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasynda ykdysadyýetiň mundan beýläkde sanlylaşdyrylmagy raýatlarymyzyň ýaşaýyş - durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda, ýurdumyzyň köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde, halkymyzyň aň-paýhas kuwwatyny ösdürmekde täze gözýetimlere ýol açýar.
Oguljeren KAZAKOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.