Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Saglygym – baş baýlygym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata-babalarymyzyň “Saglygym–baýlygym” diýen pähimlerinden ugur alyp, halkymyzyň saglygy ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Her günümizi özgerişlere beslenýän bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladasy netijesinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, enjamlaşdyrylyp, ulanylmaga berilýän saglyk öýleriniň, dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň hakykatdan-da, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdydygyna güwä geçýär. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de jemgyýetiň we her bir raýatyň döredijilik mümkinçiligini has-da doly açmagyna ýardam edýän durmuş gurşawynyň döredilmegine gönükdirilendir. Saglygyň esasy girewi hasaplanýan bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy, sportyň dürli ugurlarynyň ösdürilmegi döwrümiziň özboluşly many-mazmunyna öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň saglygyny gorap saklamaga, aýratynda, ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdymyzda sporty ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň birnäçesi kabul edildi. Şol maksatnamalar esasynda hem türkmen sportyny ösdürjek ýaş türgenleriň ýüze çykmagy ugrunda birnäçe işler alynyp barylýar. Biz hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň agzybir işgärleri şeýle-de Bereket etrap jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabymyzyň önümçilik kärhanalarydyr, edaralaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny alyp barýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim – parasata ýugrulan başlangyçlary esasynda öňe sürlen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň düýp özeninde halkymyzyň saglygyny berkitmek, adam ömrüni uzaltmak ýaly wezipeler dur. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bedenterbiýe we sport halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi.Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bir aýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler hemmelerde ýatdan çykmajak buýsanç duýgusyny, şeýle-de bu sport baýramçylyklary ähli türkmen halkynyň kalbynda ýakymly pursatlary döredýär. Sport adama sagdynlyk hem şähdaçyklyk bagyşlaýar, ýadawlygyňy aýyrýar, erkiňi taplaýar, öz güýjüňe hem başarnygyňa ynamyňy artdyrýar. Şol sebäpli hem, ýylyň dört paslynda sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmak synalaryňy berkidýär, durmuşda täze üstünliklere ynamly gadam urmaga isleg döredýär, munuň üçin zerur bolan güýç-kuwwaty bagyşlaýar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleriň, köpçülikleýin bedenterbiýe we sagdyn, ruhubelent durmuş ýörelgesine wagyz etmek boýunça çäreleriň öz beýanyny tapmagy her bir raýatda sporta bolan söýgüni oýarmaga hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmaga mümkinçilik berýär. Her bir işde halkymyza, aýratyn hem ösüp gelýän ýaş nesle şahsy görelde görkezýän, döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň artmagy, halkymyzyň bolelin ýaşamagy, ýaşlarymyzyň ylymly – bilimli, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin çäksiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň buýsanjy çäksizdir, il- ýurt bähbitli uly tutumlaryň başynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Saglygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň we ösüşleriň ýurdy bolan Türkmenistan Watanymyzyň dünýä derejesindäki at-abraýy has-da ýokarlansyn.

Annaberdi Hydyrow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatyň Bereket etrap komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.