Gün-günden gülleýän, gül açýan beýik ösüşleriň diýary bolan, bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzda toýlar-toýlara, baýramlar-baýrama ulaşýar. Uly şatlykly pursatlara beslenen dabaraly çäreler, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyşy, köpçülikleýin sport çäreleri bagtyýar halkymyzyň abadan ýaşaýşyna öz öwüşginini çaýýar.
Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylyň aprel aýynyň gelmegi bilen sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanýan eziz diýarymyzda, ynsan saglygynyň naýbaşy goragçylary bolan köpçülikleýin sport çäreleri, welosiped ýörişleri, irdenki maşyklar mahmal howaly bahar paslynda toýdur-baýramlaryň dowamy bolup, halkymyzyň şatlygyny goşalandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryndan gözbaş alýan, her ýylyň aprel aýynyň “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” aýy diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerime eýe bolan sport çärelerine berlen uly badalga boldy. Çünki saglygyň bar ýerinde ruhubelentlik, şähdiaçyklyk, öňegidişlik höküm sürýär, ähli tutumly işler ruhubelentlikden, sagdynlykdan gözbaş alýar.
Gahryman Arkadagymyzyň “Eziz ýaşlar, siz ynsan saglygyny berkitmekde bedenterbiýäniň ähmiýetiniň uludygyny hiç wagt unutmaly dälsiňiz” diýen parasatly sözleri ählimiz üçin ruhy goldaw we mukaddes sargyt bolup, kalbymyzy çoýýar, halkymyza, ösüp gelýän ýaş nesillerimize ruhy goldaw berýär.
Türkmenistan “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudyr” diýen şygar astynda welaýatymyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap, şäher we welaýat häkimlikleriniň gurnamagyndaky dürli medeni we sport çäreleri tebigatyň bahar paslynyň gözelliginde bellenilýän dabaralaryň üstüni ýetirdi.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda her ýylyň aprel aýynda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan çärelere uludan-kiçi ähli raýatlaryň gatnaşmagy göwünleri göterýär.
Diýarymyzda gazanylan ähli ösüşler, özgertmeler halkymyzyň şol sanda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň abadan durmuşda sagdyn bedenli, sagdyn aň-düşünjeli, kämil dünýägaraýyşly ýaşamaklary üçin gönükdirilendir. Sagdynlygyň we sportuň ýoluna ymykly düşen eziz Watanymyzyň geljekde dünýä arenasynda at-abraýynyň mundan beýläk-de beýgeljekdigine, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, gözelligiň ýurduna öwrüljekdigine şek-şübhe ýok.
Türkmen topragynda asudalygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň we bagtyýarlygyň höküm sürmegi ugrunda dünýä nusgalyk işleri bitiren Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edip, öz halkyny oňyn Bitaraplyk ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Zerhal NARMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.