Geçmişde ata-babalarymyz maddy we medeni gymmatlyklaryň nusgalaryny döretmekde, bu topragyň şan-şöhratyň dünýä tanalmagynda beýik işleri alyp barypdyrlar. Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemleýän biziň taryhy we medeni gymmatlyklarymyz, ajaýyp zamanamyzda asuda asmanyň astynda has ýiti şöhlesini saçdy. Türkmen topragynda dürli döwürlerde dünýä arheologlary tarapyndan gazuw-agtaryş işleriniň köp sanlysy geçirildi. Bu toprakda asyrlara şaýat bolan taryhy desgalar barada dünýä medeni mirasyny öwrenijiler tarapyndan uly gyzyklanma bildirilipdir.
Gadymy Merw, Köneürgenç, Maşady-Miserýan, Nusaý ýaly ýadygärlikler toplumy, olaryň binagärlik sungaty içgin öwrenilipdir. Şol öwrenilen gymmatly medeni ýadygärlikleriň biri hem paýtagtymyzyň 12 kilometr gündogarynda ýerleşýän gadymy Änew galasy we galanyň içinde bina edilen Seýitjemaletdiniň kümmetidir. Onda aýlaw binanyň üstünde şekillendirilen, bir-birine tarap süýnüşip gelýän görnüşindäki iki sany aždarhanyň şekili has haýran galdyryjydyr. Dürli reňkleri, täsin nagyşlary bilen ünsüňi özüne çekiji bu bezegler türkmen halkynyň gadymy ata-babalaryndan miras galan çeperçilik äheňleri diýip hasap etmek bolar. Orta asyrlarda taryhda görnükli şahsyýetleriň biri bolan Seýitjemaleddiniň hormatyna bina edilen bu ýadygärlikler toplumy biziň häzirki döwrümizde dünýä ýurtlarynyň wekilleriniň hem gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Gadymdan galan bu medeni ýadygärlik şeýle hem iki sany depe görnüşindäki medeni gatlak, biziň şu günlerimizde hem bu mukaddes topragyň beýik taryhynyň nusgasy bolup dur. Gadymy ekerançylyk taýpalarynyň taryhyny we medeniýetini öwrenmekde iki depäniň gazylyp agtarylmagynyň uly ähmiýete eýedigini bellemek gerek.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Änew şäherinde, ençeme taryhy tapyndylary özünde jemleýän “Ak bugdaý” Milli muzeýi döredildi. Ak bugdaýyň kemala gelen watany bolan Türkmenistan ýurdumyzyň abraý-mertebesi ajaýyp döwrümizde Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde dabaralanýar. TÜRKSOÝ- da şäherleri türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan etmek däbi 2012-nji ýylda başlandy. Bu derejäni ilkinji bolup Gazagystanyň paýtagty Astana şäheri aldy. 2013-nji ýylda bu dereje Türkiýäniň Eskişehir şäherine geçdi. 2014-nji ýylda Kazan (Russiýa) şäheri, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Mary şäherine, 2016-njy ýylda Şeki (Azerbeýjan) şäheri, 2017-nji ýylda Gazagystanyň Türküstan şäheri, 2018-nji ýylda Türkiýäniň Kastamonu şäheri, 2019-njy ýylda Gyrgyzystanyň Oş şäheri, 2020-nji ýylda Özbegistanyň Hywa şäheri, “ Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. 2022-nji ýylda Türkiýäniň Bursa şäheri, 2023-nji ýylda Azerbeýjanyň Şuşa şäherinde geçdi. TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýäniň Bursa şäherinde geçiren 39-njy mejlisinde, Türkmenistanyň Änew şäheri 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi.
Ýeri gelende bellesek, Änew medeniýetiniň çägi irki enolit döwründen giçki orta asyrlara çenli öz ýaşaýşyny dowam etdiripdir. Bu medeniýet dürli döwürlerde birnäçe alymlar tarapyndan öwrenilipdir. Edebiýatlarda berlişine görä, “Änew” sözüniň özi 19-njy asyryň ahyrlarynda “Annaw, “Anow” diýlip, 20-nji asyryň başlarynda “Ab-now”, ýagny “täze suw” diýen düşünjeler esasynda atlandyrylypdyr. Günorta Türkmenistanda biziň eýýamymyzdan öňki 5-6 müňýyllyklarda ilkinji suwarymly ekerançylygyň bolandygyny tassyklaýan maglumatlaryň esasynda Gündogary öwreniji alymlaryň arasynda uly ylmy seslenmeler döräp başlaýar. Netijede, şol ylmy düşünje dünýä taryhynda şu güne çenli “Änew Medeniýeti” ady bilen dowam edip gelýär.
Gahryman Arkadagymyz: “Türkmenistanyň dünýäde iň irki medeni ojaklaryň biridigini, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gymmatlyklary döreden halkdygyny indi tutuş dünýä ykrar edýär” diýip, örän jaýdar belleýär.
Dost-doganlyk ýörelgelerine mümkinçilik döreden, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hak howandary Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Alyp barýan döwlet ähmiýetli, umumadamzat ähmiýetli işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun!
Döwran Atabaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.