Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim- paýhas- ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başlanmagy bilen baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many–mazmuna eýe boldy. Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Nowruzyň taryhyny ekerançylygyň irki ojaklary bilen baglanyşdyryp öwrenmek maksadalaýyk bolar. Eger-de Nowruzy, ilkinji nobatda, tebigatyň täzelenişi, ekerançylyk işleriniň başlanyşy bilen baglanyşdyrýan bolsak, onda bu baýramyň gözbaşyny hut şu bereketli toprakdan gözlemelidiris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Nowruz güni Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän milli baýramlaryň biridir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly medeni syýasat milli mirasymyzy, şol sanda, Halkara Nowruz gününiň gyzykly däplerini ylmy taýdan çuňňur öwrenmäge, döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Halkara Nowruz gününiň däpleri halkymyzyň taryhyny, edebi mirasyny, ruhy-gözellik dünýäsini öwrenmekde gymmatly hazynadyr. Türkmenistanyň dürli künjeklerinden Nowruz baýramy bilen bagly milli däp-dessurlaryň dürli görnüşleri toplanyp, ylmy seljermeler geçirildi. Şeýle hem dünýäniň dürli döwletleriniň kitaphanalarynda saklanylýan gadymy golýazmalar öwrenilip, halk köpçüligine ýetirilýär. Taryhyň dürli döwürlerinde bu baýramyň däpleri alysdaky we golaýdaky halklar bilen medeni gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň Nowruz baýramy bilen bagly däplerini dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyrlar.
Nowruz baýramynyň gadymy däplerini geljek nesiller üçin gorap saklamak umumadamzat bähbitli ynsanperwer wezipedir. Nowruz baýramy ençeme halklarda, şol sanda türkmenlerde hem Gün senenamasy boýunça ýaz paslynda gije-gündiziň deňleşýän wagtynda — mart aýynyň 21-inde bellenilipdir. Nowruzy günorta we gündogar Türkmenistanyň oturymly we ekerançylyk bilen meşgullanan ilaty has şowhunly belläpdir. Belli alym N.Krameriň «Taryh Şumerde başlaýar» atly kitabynda türkmenleriň gadymy kowumdaşlary hasaplanylýan şumerleriň ruhy medeniýetinde bu baýramyň dabaraly bellenilýändigi ýazylypdyr. Gadymy «Gilgameş» şumer dessanynda Nowruz «Täze ýyl», «Täze gün», «Baharyň ilkinji güni», «Bahar baýramy» mazmunda beýan edilipdir.
Günorta Türkmenistanyň köp etraplarynda Nowruz günlerini «Ýylyň sylagy» diýip atlandyryp, dabaraly belläpdirler. Obanyň gurply adamlary etli ýarma bişiripdir, toý saçagynyň başyna ähli obadaşlaryny çagyrypdyrlar. Bu nahar halk arasynda «Nowruz ýarmasy» ady bilen meşhur bolupdyr. Adamlar biri-birlerini ýazyň çykmagy bilen gutlapdyrlar, ýylyň gowy — rysgal-bereketli bolmagyny arzuw edipdirler. Nahardan soň «Ýagmyr ýagsyn, bol hasyl bolsun!» diýip, Beýik Biribardan dileg edipdirler.
Halkymyzda Nowruz saçagyny dürli we tagamly nygmatlar, köpdürli naharlar bilen bezemek dessury gadymdan bäri dowam edýär. Nowruz saçagyna goýulýan naz-nygmatlaryň syrly güýje eýedigine ynanylypdyr. Şolaryň biri-de Nowruz semenisidir. Mundan başga-da türkmenler Nowruz saçagynda palaw, süýtli aş, dänik, bulamak, noýbaly unaş, mäşewe, Nowruz ýarmasy, Nowruz köjesi ýaly tagamlary goýýarlar.
Biz hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komiteti tarapyndan ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy wagyz etmek maksady bilen yzygiderli çäreleri geçirýäris.
Şeýle baýramçylyklary ýokary derejede bellemeklige mümkinçilik berýän Mähriban Prezidentimize köp sagbolsun aýtýarys. Goý, döwletli döwranymyzyň, baky bagtyýarlygymyzyň baş sakasynda durýan hem-de telekeçilerimiz barada, halkymyz hakynda ägirt uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent tutumly işleri rowaç bolsun!
Ogulbäbek Nurgulyýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň jogapkär işgäri.