Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Hususy ulgamda belent sepgitler

Türkmenistanda telekeçilik ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurluşlarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna ykdysadyýetde hususy bölegiň ornunyň ýokarlandyrylmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň strategik ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde hususyýetçileriň başlangyçlaryny goldaýar. Şeýle goldawdan ruhlanýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Diýarymyzda azyk we haryt bolçulygyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar. Hususy pudagyň wekilleri oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda, gurluşyk serişdeleriniň we elektrik enjamlarynyň, öý hojalyk tehnikasynyň önümçiliklerinde, söwda, bilim, durmuş hyzmatlary, ulag we logistika ulgamlarynda, halk senetçiliginde üstünlikli iş alyp barýarlar. Telekeçiler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport edilýän önümleriň möçberini yzygiderli artdyrýarlar. Iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri giň möçberli taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar, müňlerçe adamy iş orunlary bilen üpjün edýärler. Döwletimiziň telekeçilige berýän goldawy, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijeli ýola goýulmagy esasynda ýurdumyzda döwrebap hususy önümçilikler, bilelikdäki kärhanalar we paýdarlar jemgyýetleri köpelýär. Telekeçiler diňe azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam bermän, eýsem, Türkmenistany kuwwatly eksport mümkinçiligi bolan ykdysadyýetli ýurda öwürmäge hem işjeň gatnaşýarlar. Häzir ýurdumyzyň hususy kärhanalarydyr hojalyk jemgyýetleri bazaryň täze ugurlaryny, obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ilatyň ekologik taýdan arassa azyk önümlerine islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän önümçilik tehnologiýalaryny, öňdebaryjy tejribäni ynamly özleşdirýärler. Olar maldarçylyk we balykçylyk hojalyklaryny, iri guşçulyk, şeýle hem gök-bakja önümlerini, miweleri gaýtadan işleýän önümçilik toplumlaryny döredýärler. Traktorlary, kombaýnlary we beýleki zerur oba hojalyk enjamlaryny satyn almak üçin döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlaryň berilmegi ýerden bol hasyl almaga, azyk kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga ýardam edýär. Türkmen telekeçileri ýyladyşhanalarda gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe topladylar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde hem-de Mary welaýatynyň Mary etrabynda täze senagat-önümçilik zolaklaryny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Okgunly ösüşlerimiziň ajaýyp nyşany bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda hem ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlar telekeçiligini ösdürmegiň, «ýaşlar kärhanalaryna», olaryň başlangyçlaryna uly goldaw bermegiň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hemişe üns merkezinde durýan wezipedigini bellemek gerek. 2022-nji ýylda paýtagtymyzda gurluşygyna badalga berlen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi innowasion telekeçiligi ösdürmek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýe bolar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere işjeň gatnaşýarlar, gazanylýan üstünlikleri wagyz-nesihat edýärler. Türkmen telekeçilerine netijeli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri, döwrebap şertleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.