Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Zenan kalbynyň nepisligi

Beýik Ýüpek ýoly geçen gadymy Lebap topragynda ene-mamalarymyzyň çeper el hünärini dowam etdirýän gyz-gelinler türkmen keşdeçilik sungatynyň baý görnüşlerini, ajaýyp milli lybaslary döredýärler. Şolaryň birem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Hurma Döwranowa. Türkmenabat şäherindäki «Lebap» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Maýsa ýakalar» dükanyna barsaňyz, möhümiňiz bitmän galmaz. Çünki telekeçi zenanyň ýolbaşçylygyndaky dükanda bölümleriň dördüsi bolup, olaryň hersi bir hyzmaty ýerine ýetirýär. Birinde dürli matalaryň söwdasy ýola goýlan bolsa, beýlekisinde çeper elli gyz-gelinleriň ýüpek sapaklardan bejeren el keşdeleri, ýene birinde täzeçe usullarda, ýagny kompýuterler arkaly bejerilen ýakalar bar. Taýýar lybaslar bölümine gireniňde bolsa, gyz-gelinleriň sünnäläp bejeren kürteleriniň, çabytdyr donlarynyň älemgoşar öwüşgini gözüňi gamaşdyrýar. Ol ýerde dürli reňkli köýneklik, çabytlyk, donluk matalardan başlap, ýakalaryň nusgawy görnüşlerini, owadan bezeg monjuklarydyr hünjüleri, gotazlardyr alajalary saýlap almaga giň mümkinçilik döredilipdir. Mahlasy, toýdur-baýramlara täze lybas edinmek isleseňiz, «Maýsa ýakalar» dükanynyň çeper elli zenanlary islegleriňize laýyklykda, «dokuzyňyzy düzüwläp» goýbererler. Bu nepis işleri ussat tikinçi zenanlaryň ýedisi ýerine ýetirýär.

— Lybaslardyr ýakalarymyzyň müşderileri ýeterlik. Biz ýörite buýurmalar esasynda hem iş alyp barýarys. Esasan hem, durmuşa çykýan gyzlaryň täzeden-täze nusgalarda, biçüwlerde buýurmalaryny alýarys. Olaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin bolsa, bizde mümkinçiligem, şertem bar. Ýüpek-parçalardan lybaslar diýjekmi, gadymy nusgalardaky we döwrebap ýakalar diýjekmi, dizaýnerlerimiz, tikinçilerimiz islegleri ýokary derejede berjaý etmek üçin başarnygynam, zähmetinem gaýgyranoklar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän amatly şertleri türkmen zenanlarynyň hem hususy pudakda öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegine ýol açdy. Biziň maksadymyz, nepisligi, owadanlygy bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen türkmen keşdeçilik sungatyny kämil derejede baýlaşdyryp, döwrebaplaşdyryp, geljekki nesillere ýetirmek — diýip, Hurma Döwranowa gürrüň berýär.

Tikin tikip, keşde çekmegi enesinden öwrenen telekeçi zenan halypa-şägirtlik ýoluny ýöredip, çeper el hünärini gyzy Maýsa-da öwretdi. Heniz orta mekdebiň 4-nji synpynda okaýan wagty çeper el hünärine başlan gyz keşde çekmegiň inçe tärlerini basym ele aldy, ýyllaryň geçmegi bilen ol barha kämilleşdi. Maýsa «çaňňadyr» «tegbent» nagşyny salyp, bejeren ilkinji tahýasyny jigisine sowgat berdi. Türkmen ýaşlaryna taryhy wakalary, ýeňişli günleri bagyş eden Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly eli hünärli gyzyň durmuşyny-da ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara besledi. Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Maýsa Döwranowa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň guramagynda geçen taryhy ýylda geçirilen «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly hünär bäsleşiginde ýeňiji bolup, baýrakly orny eýeledi. Elbetde, ýaş gyzyň milli keşdeçilik sungatyndaky ilkinji ýeňşinde ejesi Hurma Döwranowanyň irginsiz zähmeti, mynasyp goşandy bar.

Ýeri gelende, işjeň agzamyz bolan işewür zenanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň halkymyza eçilen soňsuz eşretlerini, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän beýik işlerini wasp edip, ýaş telekeçileriň arasynda geçirýän wagyz-nesihat we baýramçylyk çärelerimize-de yzygiderli gatnaşýandygyny bellemek ýakymly.

Zerhal NARMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.